СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Мировые языки и инновационные технологии

Категория: Всем учителям

Нажмите, чтобы узнать подробности

.

Просмотр содержимого документа
«Мировые языки и инновационные технологии»

Ylym-bilim-bagtyýar ýaşlaryň

röwşen geljegi” atly döredijilik bäsleşigine


DÜNÝÄ DILLERINI ÖWRENMEKDE

INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

Daşary ýurt dilini kämil bilmek adamyň ruhuny baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny we gözýetinini giňeldýär, beýleki ýurtlaryň taryhy, medeniýeti we edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem öz işinde Internet global torunyň kuwwatynyň çeşmelerini peýdalanmaga, maglumat we kommunikasion tehnologoýalary ulanmaga, dünýä tejribesini öwrenmäge giň ýol açýar. Has çuňňur bilim-düşünje toplamak üçin hem iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Dil bilýän adam täze açyşlar bilen birinji bolup tanyşýar we durmuşa ornaşdyryp bilýär. Dil öwrenmek üçin bolsa biziň ýurdumyzda ähli şertler bar.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň atalyk aladalary bi­len ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy dün­ýä de­re­je­sin­de barha belende galýar. ýur­du­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da, şol san­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Munuň özi ýaş­la­ryň has go­wy hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne özüniň oňyn tä­sirini ýetirýär. Okuw mek­dep­le­ri­niň kom­pýu­ter­ler bi­len üp­jün­ edilmegi, in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­me­gi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Yl­my-teh­ni­ki ösü­şi bi­len aýak­daş git­me­k döwrüň esasy talabydyr. Se­bä­bi yaş­lar is­len­dik dö­wür­de-de öz­le­rin­de za­ma­na­nyň öň­de­ba­ry­jy ru­hu­ny jem­le­mek bi­len tä­ze­li­giň, göz­leg­le­rin hö­we­sin­de bol­ýar­lar.

Häzirki döwürde dünýä ähmiýetli dilleriň hatarynda iňlis dili möhüm oruna eýedir. Bu dil halkara gatnaşyklary, syýasy, diplomatik, ylmy, lukmançylyk, bilim, medeniýet we işewürçilik ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Iňlis dili ählumumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edilýär.Maglumatlara salgylansak, dünýä ýüzünde bir ýarym milliarda golaý adam iňlis dilinde gürleýär. Bu dil 500 million adam üçin ene dili bolup durýar. Dogrusy, bu maglumatlar şertli bolup durýar, çünki, iňlis dilinde gürleýänleriň anyk sanyny kesgitlemek aňsat däl. Ýöne iňlis dili dünýä ýüzünde barha giňden ulanylýar.

Tehnologiýa ulgamyndaky häzirki zaman işläp taýýarlamalary, şol sanda internet ulgamy iňlis dilli bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Innowasion tehnologiýalara erk etmekde iňlis diliniň öwrenilmeginiň zerurlugy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglaryndan başlap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ylmy neşirler, okuw we çeperçilik edebiýatlary, filmler we sazlar iňlis dilinde taýýarlanylýar. Häzirki zaman hünärmeni häzirki döwürde iňlis dilini bilmezden dünýä maglumatlar giňişliginde hereket etmegi kyn bolup durýar. Adam­za­dyň dur­mu­şyn­da şah­sy

kom­pýu­ter­le­riň we ha­bar be­ri­ji teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň tut­ýan or­nu­nyň düýp­gö­ter

üýt­ge­me­gi okuw­la­ryň gu­ra­ly­şy­na ýi­ti tä­sir edýär. Tä­ze innowasion

teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy bi­ze örän köp mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga, ola­ryň üs­tün­de iş­le­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan multimediýa usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höweslerini ösdürmän, eýsem, olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da olar bilim ulgamyndaky netijeliligiň ýokarlanmagyny, mugallymlaryň, talyplaryň wagtlarynyň ýokary derejede tygşytlanmagyny şertlendirýär. Şeýle mümkinçilikler orta mekdeplerden başlap ähli ýokary okuw mekdeplerinde hem giň gerim alýar. Ýaşlaryň dünýä innowasiýasynyň gazanylanlaryny öwrenmek, özlerinde nazary düşünjeleri kemala getirmek üçin oňyn şertler döredilýär.

Döredilýän ähli amatlyklar we giň mümkinçilikler biz — bilim ulgamynyň işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz biz — ýaşlar barada bimöçber aladalar edip, okamak, öwrenmek, döretmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, biz — ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamyna jogap edip, döwrebap bilimli we kämil hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.



Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.








Maglumatlar:



Ady we familiýasy: Murad Saburow

Ýaşaýan ýeri: Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Şöhrat geňeşligi

Işleýän ýeri we wezipesi: Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebi, iňlis dili mugallymy

Tel belgisi: +99362735691, 8-348-5-12-87


ŞTU pensionny kod: 230979897

Abuna tassyklaýyş kody: 24069