Daşoguz şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary:
1.Şamyradowa Orazbibi
2.Merdanowa Parahat
3.Babaýewa Dursunjemal
Söz toparlary
Çalyşmalar
Atlar
Türkmen dili
5-nji synp
Sanlar
Sypatlar
Salam, mekdep!
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:
“ Binýat berk bolanda, bina baky bolýar. Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz, başyny başlan giň gerimli işlerimiz beýik bir bina bolsa, ylym onuň müdimi mizemez binýady bolmalydyr”
Atlar
Özbaşdak manyly, san, şahs we düşümlerde üýtgeýän, kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözlere atlar diýilýär. Meselem:
Kim? Ata, lukman, Magtymguly Pyragy
Näme? agaç, köýnek, ýol, el
Nire? Aşgabat, Garagum, Daşoguz
Kim?
Näme?
Nire?
Has atlar we jyns atlar
Türkmen dilinde atlar iki topara bölünýärler: has atlar we jyns atlar.
Has atlar adamlara we zatlara ýörite berilýän atlar bolup, olar şol adamy ýa-da zady beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin berilýär.
Meselem: Aman, Maral (adam atlary), Daşoguz,Balkan (welaýat atlary), Zöhre, ýedigen (ýyldyzyň atlary)...
Jyns atlar bir jynsdaky atlaryň umumy jemleýji adydyr.
Meselem: oglan, adam, haýwan, mekdep, köl...
Atlary ýerli-ýerinde goýuň
Has atlar
Jyns atlar
Ata
deňiz
Zöhre
Mary
ot
adam
Atlaryň gurluş aýratynlyklary
Atlar gurluşlaryna görä iki uly toparlara bölünýärler:
1.Asyl atlar.
2.Ýasama atlar.
Haýsy-da bolsa bir sözden ýasalandygyny bildirmeýän, böleklere bölüp bolmaýan atlara asyl atlar diýilýär.
Meselem: göz, el, aýak, ýol, ýer, suw, ýap, ýel...
Eger-de atlaryň goşulmalaryň, sözleriň goşulmagynyň, gysgalmagynyň, tirkeşmeginiň netijesinde emele gelendigini bildirýän bolsa, onda olara ýasama atlar diýilýär.
Meselem: obadaş, ellik, beýannama, okalga, işçi, saýlaw, orak...ýaly atlar söz ýasaýjy goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýarlar.
Sözleriň goşulmagy arkaly mekgejöwen, atgulak, gülýaka, otluçöp, Gökdepe ýaly ýüzlerçe atlar emele gelip biler.
Dilde atlaryň gysgalan görnüşi-de ulanylýar.
Olar seslerden, harplardan, söz böleklerinden emele gelýärler.
Meselem: BMG(Birleşen Milletler Guramasy)
Tirkeş atlar iki sözüň çyzyjak arkaly baglanyşan we täze many aňladýan görnüşini emele getirýärler.
Meselem: deň-duş, bag-bakja, duz-çörek...
Degişli goşulmalary we atlary tapyň
hana
Oba
daş
gül
kitap
ýaka
Atlardan atlaryň ýasalyşy
-dar -algydar, bergidar, maldar...
-daş,-deş - obadaş, pikirdeş, atdaş...
- lyk,-lik,-luk,-lük -miraplyk, ellik, sözlük, dostluk
-ly,-li - bu goşulma köplenç adam atlaryny ýasamaga-da kömek edýär.
Meselem: Begli, Gully, Meňli, Hally...
-nama -beýannama, meýilnama, maksatnama...
-hana -dermanhana, kitaphana...
-çy,-çi -işçi, okuwçy, halyçy...
-çylyk,-çilik - üzümçilik, pagtaçylyk...
Işliklerden atlaryň ýasalyşy
Işlikler gymyldy-hereketi aňladýan söz toparydyr.
-alga,-elge- duralga, geçelge, girelge...
-ak,-ek,-k -orak, düşek, gapak...
-ç -begenç, guwanç, gazanç...
-w -aýlaw, saýlaw,derňew...
-g -synag, barlag, sorag...
-gy,gi -algy,bergi, sergi...
-gyn,gin,gun,-gün -joşgun,düzgün, gowuşgyn...
-ym,-im, um, üm -basym, geýim, bölüm, goýum
-yn,-in-un,-ün -bogun, ekin, ýagyn,dökün...
-y,-i -tuty, dyky, öri, guýy...
-yş,-iş,-uş,-üş - ýagyş, basyş, ösüş, uruş...
Sypatlardan atlaryň ýasalyşy
-lyk,-lik, - aklyk, ýagşylyk, gowulyk, kiçilik...
-çylyk,-çilik,-çulyk,-çülik -gytçylyk, göripçilik, bolçulyk, gökçülik...
Sanlardan we çalyşmalardan atlar ýasalanda , esasan –lyk,-lik,-luk, -lük goşulmalary ulanylýar.
Meselem: birlik,ikilik, ýüzlük,üçlük, menlik, senlik, olluk, bizlik...
1
2
100
3
Atlaryň grammatik aýratynlyklary
Leksik many diýlende sözüň özbaşdak ýa-da beýleki sözler bilen baglylykda aňladýan manysyna düşünilýär. Mysal üçin, atlar zatlary, düşünjeleri, wakalary we ş.m. Atlandyrýar.
Meselem: adam,dag,deňiz, göwün, söýgi,pikir...
Grammatik many diýlende sözüň her bir söz toparyna degişli aýratynlykda şekillenişine düşünilýär. Mysal üçin, atlara söýgülik, san degişlilik, düşüm goşulmalaryny, sypatlar dereje goşulmalaryny, işlikjler zaman, ýöňkeme goşulmalaryny kabul edýärler.
Atlarda söýgüligiň aňladylyşy
Atlaryň soňuna goşulýan –jak,-jek,-jyk,-jik, jagaz goşulmalary goşulan adynyň eýjejikligini, kiçijik enaýyjadygyny bildirýärler we şekil ýasaýjy goşulma hasaplanylýar.
-jak,-jek,-jyk,-jik goşulmalary goşulan atlar inçelik-ýogynlyk sazlaşygyna boýun egýärler.
Meselem: balyjak
gölejik
-jak, jek,-jyk, -jik goşulmalary soňy k çekimsizi bilen gutaran atlara goşulanda, ol sözleriň soňky k sesi düşürilip geplenýär we şeýle ýazylýar.
Meselem: kömelek- kömelejik
-jagaz goşulmasy düzüminde ýogyn çekimlili ses bolmagyna garamazdan, hemme sözlere şol durşuna goşulýar.
Meselem: Gyzjagaz
guşjagaz
Atlarda köplügiň aňladylyşy
Atlaryň birligini aňlatmak üçin goşulmalar ýokdur. Ýöne atlaryň birnäçesi täklik şekilinde bolýarlar.
Mysal üçin: Gün, Aý,Taňry ýaly sözler täk atlardyr.
-lar,-ler goşulmasy goşulan sözüniň köplük sandadygyny aňladýar.
Meselem: oglan-lar, depder-ler, dag-lar...
-lar,-ler goşulmasy guzy, süri, guýy, goşgy, goňşy ýaly birinji bognunda dodak çekimlisi bolan, soňy dar çekimli y,i seslerine gutaran atlara goşulanda, atlaryň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem: sürüler, guzular, goşgular...
Atlarda degişliligiň (ýöňkemeleriň )aňladylyşy
Şahs
Degişlilik goşulmalary
Çekimsize gutarýan söz
Birlik san
I
Çekimlä gutarýan söz
Köplük san
-ym/ -im
-ymyz/-imiz
Birlik san
-um/-üm
-m
-umuz/-ümüz
Köplük san
II
-myz/-miz
-yň/-iň
uň/-üň
-yňyz/-iňiz
-ň
III
-uňuz/-üňüz
-ňyz/-ňiz
-y/-i
-y/-i
-sy/-si
-sy/-si
Atlaryň düşüm bilen üýtegeýşi
Düşüm goşulmalary
Düşümler
Soňy çekimlä gutarýan düýp sözler üçin
Baş d.
-
Soňy çekimsiz ses bilen gutaran düýp sözler üçin
Eýelik d.
Soňunda III şahs goşulmasy bolan sözler üçin
-
-nyň/-niň,
-yň/-iň,
-y,-i /-sy,-si
-nuň/-nüň
Ýöneliş d.
Uň/-üň
-a/-ä
-nyň/-niň
Ýeňiş d.
-a/-e
-na/-ne
-ny/-ni
-y/-i
Wagt-orun d
-da/-de
-ny/-ni
-da/-de
-nda/-nde
Çykyş d.
-dan/-den
-dan/-den
-ndan/-nden
Baş düşüm
Baş düşüm kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýar.
Kim? Berdi,Jahan, Mätäji, mugallym,lukman
Näme? at, goýun, ýorunja, söýgi
Nire? Daşoguz, Gökdepe, ileri, ýokary
Atlar köplük san -lar,-ler goşulmasyny kabul eden bolsa kimler?, nämeler? Diýen soragy berip bolar. Eger atlar degişlilik goşulmalaryny kabul eden bolsalar, onda kimim?, kimiň?, nämäm?, nämesi?, kimimiz?, kimiňiz?, nämämiz?,nämäňiz? diýen soragy berip bolar.
Meselem: ejem, depderiň, galamym...
Eýelik düşüm
Eýelik düşüm özünden soň gelen sözüň kime ýa-da nämä degişlidigini bildirýär we kimiň?, nämäniň?, niräniň? diýen soraglara jogap bolýar.
Meselem: Gözeliň depderi,
tilkiniň guýrugy
Ýöneliş düşüm
Ýöneliş düşüm gymyldy-hereketiň kime, nämä, nirä ugrukdyrylýandygyny, gönükdirilendigini, kim üçin, näme üçin edilendigini aňladýar.
Ýöneliş düşüm kime?,nämä?, nirä? diýen soraglara jogap bolýar we hereketiň gönügen tarapyny görkezýär.
Ýöneliş düşüm aňladýan manysyna görä:
1.Hereketiň ugruny görkezýär:şähere gitmek
2.Hereketiň maksadyny görkezýär: bäsleşige gatnaşmak
3.Hereketiň kim üçin edilenini bildirýär: Sowgady Marala almak (kime, kim üçin?).
Ýöneliş düşüm sözlemde işlige baglanyp, doldurguç bolup hyzmat edýär. Meselem: Merjen Myrada ýüzlendi.
Ýeňiş düşüm
Ýeňiş düşüm kimi?, nämäni?, niräni? diýen soraglara jogap bolýar.
Meselem: Gözeli, pagtany, obany, şäheri...
Ýeňiş düşümdäki at sözlemde işlikden bolan agza baglanyp, doldurgyç bolup hyzmat edýär.
Meselem: Myrat şäheri synlady.
Soňy –e sesine gutaran ene, Bike, küme ýaly sözler ýeňiş düşümiň goşulmasyny kabul edende, sözüň soňundaky e sesi ä sesine öwrülýär.
Meselem: en e -en ä ni, Bik e -Bik ä ni, küm e -küm ä ni.
Wagt-orun düşüm
Wagt-orun düşüm kimde?, nämede?, nirede? diýen soraglara jogap bolýarlar.
Meselem: şäherde, kitapda, Myratda...
Wagt-orun düşümiň –da,-de goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar.
Meselem: Gurbanda, köçede, kölde...
III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar –nda,-nde goşulmasyny kabul edýärler.
Meselem: Onuň jaý+y+nda, onuň ýüz+ü+nde...
I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler.
Meselem: Meniň kitaby mda , seniň depder iňde ...
Sözlemde wagt-orun düşümdäki at aşakdaky manylarda ulanylýar:
1.Gymyldy-hereketiň ornuny görkezýär.
Meselem: Bu waka çölde boldy. Maral Maryda ýaşaýar.
2.Zadyň duran ýerini, ornuny görkezýär.
Meselem: Dükanda hojalyga gerekli zatlar bar.
Wagt aňladýan atlara goşulanda gymyldynyň wagtyny görkezýär.
Meselem: Daýhanlar hasyly güýzde ýygnaýarlar.
Wagt-orun düşümdäki söz sözlemde doldurgyç bolup, işlige baglanýar.
Meselem: Ýygnak sagat üçde başlanýar.
Çykyş düşüm
Çykyş düşüm kimden?, nämeden? nireden? diýen soraglara jogap bolýar. Meselem: pagtadan, köçeden…
Çykyş düşümiň –dan,-den goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar.
Meselem: obadan, mellekden, dostumdan...
III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlara –ndan,
-nden goşulmasy goşulýar. Meselem: Onuň oba+sy+ndan
I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler.
Meselem: Meniň oba+m+dan, seniň dost+uň+dan...
Sözlemde çykyş düşümdäki at aşakdaky amanylarda ulanylýar:
1.Gymyldy-hereketiň başlanýan ýerini aňladýar.
Meselem: Aman mellekden gelýärdi.
2.Zadyň nämeden edilendigini aňladýar.
Meselem: Tutar tut agajyndan ýasalypdyr.
3.Gymyldy-hereketiň ýüze çykmegyna sebäp bolan zady aňladýar.
Meselem: Çaga tüweleýden gorkdy. Durdy Gözelden öýkeledi.
4.Habaryň we ş.m zatlaryň kimden eşidilendigini aňladýar.
Meselem: Bu goşgyny öň dostumdan eşitdim.
Çykyş düşümdäki söz işlige baglanyp, sözlemde doldurgyç bolup hyzmat edýär.
Guzy sözüni düşümlerde üýtgediň
Baş düşüm
Eýelik düşüm
guzy
guzynyň
Ýöneliş düşüm
Ýeňiş düşüm
guza
guzyny
Çykyş düşüm
Wagt-orun düşüm
guzudan
guzuda
Atlaryň sözlemdäki hyzmaty
Atlar sözlem bilen, sözlem agzalary bilen baglanyşykly hemme hyzmaty ýerine ýetirýärler.
Atlar we atlaşan sözler sözlemde eýe, habar, atlara baglanyp aýyrgyç, işliklere baglanyp doldurgyç bolup bilýärler.
Baş düşümdäki asyl we ýasama atlar, köplük san
-lar,-ler goşulmasyny, degişlilik goşulmalarynyň birlik we köplük şekillerini kabul eden atlar, atlaşan sözler sözlemde baş agza-eýe bolýarlar.
Meselem: Daýhanlar ekine başladylar. Meniň doganym tikin tikýär. Giden getirer, oturan nyrh sorar.
Atlar sözlemiň habary bolup bilýärler. Meselem: Meniň doganym mugallym.
Atlar sözlemde aýyrgyç, doldurgyç hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler.
Meselem: Agajyň ýapraklary saralypdyr. Mugallym Meretden öý işini sorady.
Sypatlar
Türkmen dilinde zatlary, düşünjeleri reňki, tagamy, göwrümi, gylyk-häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlandyrmak, aýratynlygyny görkezmek üçin ulanylýan sözlere s y p a t l a r diýilýär.
Sypatlar özüniň aýyklaýan sözünden öň gelip, nähili?, neneňsi?, haýsy? diýen soraglara jogap bolýarlar.
Meselem: Ýaz geldi we sähra gök otlara bürendi.
Paýtagtymyzda beýik-beýik ymaratlar gurulýar.
Türkmen dilindäki asyl we ýasama sypatlar öz aňladýan manylaryna görä birnäçe toparlara bölünýärler. Olar
Reňk - ak, gök, sary, ýaşyl...
Hil-ýagdaý - gowy, oňat, dury, arzan, arassa...
Tagam - süýji, ajy, şor, turşy...
Göwrüm-mukdar - uly, kiçi, pes, galyň...
Orun-tarap-ugur - ilerki, gaýraky, şäherli...
Wagt - ertirki, düýnki, güýzlük, agşamlyk...
Barlyk -otluk, gurply, erkinlik...
Ýokluk -duzsuz, bimaza, nädogry...
Syna ýetmezçiligi - ker, kör, agsak, çaşy...
Nokatlaryň ýerine degişli sözleri
ýazyň.
Beýik, uly, obaly.
1. Mekdebimiziň ... naharhanasy bar.
2.... dagyň depesi dumanlap görünýärdi.
3. ...oglan çopanyň gürrüňine düşündi.
Hil we otnositel sypatlar
Hil sypatlar, esasan beýleki söz toparlaryndan ýasalmadyk asyl sypatlardyr. Olar reňk görkezýän, tagam bildirýän, göwrüm-möçber görkezýän, hil-ýagdaý aňladýan sözlerden ybaratdyr.
Hil sypatlary beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar.
Otnositel sypatlar , köplenç, atlardan her hili söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalýarlar.
Bu sypatlara ugur-tarap, orun görkezýän, barlyk, wagt, ýokluk bildirýän sypatlar degişlidir.
Sypat derejeleri
Sypat derejeleri 4 sany:
1.Düýp dereje
Hiç hili ýasaýjy goşulmasy ýok. Meselem: ak, gök, giň, beýik, owadan.
2.Sypatyň kemlik derejesi
-rak,-räk,-ymtyl,-imtil,-umtul,-ümtil,
-mytyl,-mtil,-ymtyk,-imtik,-umtyk,-ümtük,-mtyk,-mtik,-gylt,-gilt goşulmalary bilen ýasalýar.
-rak,-räk goşulmasy soňy y,i dar çekimlilerine
Gutaran dodak çekimlili sypatlara goşulanda, sözüň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem: Ul y -rak=ul u rak, gön i -räk=gön ü räk,
süýj i -räk=süýj ü räk
-rak,-räk goşulmasy soňy çekimsiz sypatlara
goşulanda sypat bilen goşulmanyň arasynda
eşidilýän dar çekimliler eşidilse-de ýazylmaýar.
Meselem: ak-agrak, gök-gögräk, tegelek-tegelegräk, belent-belendräk
-mtyk,-mtik,-mtyl,-mtil goşulmalary turşy, süýji, mawy ýaly soňy y,i bilen gutaran sözlere goşulanda sözüň soňundaky çekimlisi gysga aýdylýany üçin dodaklandyrylyp ýazylýar. Meselem: turşy-turşumtyk, süýji-süýjümtik, mawy-mawumtyl.
Agyr, ýeňil, goňur ýaly sözlere kemlik dereje görkezýän –as, -es goşulmasy goşulanda ikinji bogundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.
Meselem: agyr-agras, ýeňil-ýeňles, goňur-goňras.
Sary, gyzyl ýaly reňk aňladýan sypatlara gylt goşulmasy goşulanda gyzyl sözüň –yl bölegi, sary sözüniň –y harpy düşürilýär.
Meselem: gyzgylt, sargylt.
3.Sypatyň artyklyk derejesi:
Sypatyň artyklyk derejesinde sintetik usulda asyl sypatlaryň öňünden m,p,s çekimsizlerine gutaran ownuk bölekler artdyrylýar.
Meselem: ap-ak, göm-gök, gös-göni, tes-tegelek, dim-dik.
4. Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesi:
Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesinde –jak,-jek,-jyk,-jik goşulmalary soňy k sesine gutaran sypatlara goşulanda k sesi düşüp galýar. Meselem: döwük-döwüjek, gädik-gädijek, togalak-togalajyk, näzik-näzijek
Tapmaça
Atyma berdim
Tep-terje......
Üzeňňä basyp,
Mündüm men...
Atym ýorgalap,
Soň çapdy.......
Sypatlaryň gurluş aýratynlyklary
Sypatlar gurluşlary boýunça sada sypatlar we goşma sypatlar diýen toparlara bölünýärler.
zatlaryň aýratynlyklaryny bir söz bilen bildirýän sypatlara sada sypatlar diýilýär.
Meselem: gök ot, ýaşyl baýdak
Sada sypatlar hem iki görnüşde bolýarlar.
1.Asyl sypatlar sypat ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalman, şol durşuna ulanylýan sypatlara asyl sypatlar diýilýär. Meselem: ak mata, göni ýol...
2.Ýasama sypatlar söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen beýleki söz toparlaryndan ýasalan sypatlardyr.
Meselem: ertirki, höwesjeň, gumly...
Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty
Sypatlar söz topary hökmünde sözlemiň ähli agzasy bolmaga ukyplydyr.
1.Sypatlar sözlemde eýe bolýarlar.
Meselem: Höwesjeňler çykyş edip başladylar.
2. Sypatlar sözlemde habar bolýarlar.
Meselem: “Doganlar” romany gaty gyzykly.
3.Sypatlar sözlemde atlary aýyklap, aýyrgyç bolup ulanylýar.
Meselem: Bu ajaýyp halylary zenanlar dokaýarlar.
4.Sypatlara degişli käbir sözler işliklere baglanyp doldurgyç bolýarlar.
Meselem: Gurban hemme sapaklary gowy bilýär.
Sanlar özbaşdak söz topary bolup, olar näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolýarlar.
Näçe? diýen soraga mukdar aňladýan sanlar, näçenji? diýen soraga tertip görkezýän sanlar jogap bolýarlar.
Sanlar manysy boýunça sanyň adyny (üç, iki, bäş...), zatlaryň sanyny-mukdaryny (dört gyz, üç hatar...) görkezýärler.
Sanlar
Mukdar sanlar we tertip sanlar
Mukdar sanlar bir zadyň mukdaryny aňladyp, näçe? diýen soraga jogap bolýarlar.
Meselem: Bu ýyl Magtymguly Pyragynyň iki ýüz togsan ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi. Näçe?-iki ýüz togsan.
Mukdar sanlar bitin sanlar, bölek sanlar, çen-takmyn sanlar, topar sanlar diýen toparlara bölünýärler.
Tertip sanlar näçenji? diýen sorag jogap bolup, olar sanalmakda zatlaryň tertibini, yzygiderligini bildirýärler.
Meselem: Men bäşinji synpda okaýaryn.
Näçenji?-bäşinji.
Sanlaryň ýazuw düzgüni
1.Düzme sanlary emele getirýän sanlar aýry ýazylýarlar.
Meselem: Otuz iki, on ýedi, iki müň ýedinji...
2.Tirkeş sanlaryň arasynda kese çyzyk goýulýar.
Meselem: Dört-bäş gün, bir-iki ýyl...
3.Tertip san ýasaýjy –njy,-nji,-ynjy,-inji,-unjy,-ünji goşulmalary sanlar harp bilen ýazylsalar, düýp sanlara çekimlileriň hiline garap goşulýarlar we goşulyp ýazylýarlar.
Meselem: Üçünji, altynjy, onunjy...
4.Eger sanlar sifr bilen ýazylyp, olaryň tertip sandygy goşulmalar (-njy,-nji) arkaly görkezilse, onda aşakdaky gönüşde ýazylýar.
Meselem: 10-njy, 21-nji, 9-njy, 105-nji...
5.Rim sifrlerinden soň hiç hili belgi, tertip san goşulmalary goşulmaýar.
Meselem: XXI asyr, XX ýüzýyllyk, XVIII asyr türkmen edebiýaty...
6. Arap sifrleri ýa-da harplar bilen tertip aňladylsa, olardan soň ýa nokat(.), ýa-da ) goýulýar.
Meselem: 1. 2. 3)
7.Siifrler bilen görkezilen sanlara degişlilik ýa düşüm goşulmalary goşulanda, sifrden soň çyzyjak goýlup, sanyň iň soňky harpyna laýyk goşulma goşmaly.
Meselem: Iýun aýynyň 6-da, sagat 7-de...
8.Topar sanalara goşulma goşulanda goşulmanyň ilki sesiniň uzyn aýdylýandygy üçin, dodak çekimlili sanlara goşulanda dodaklandyrylmaly däl.
Meselem: Üçümiz däl, üçimiz. Onumyz däl, onymyz...
9. Dört sanyna –ünji goşulmasy goşulanda dymyk t sesi açyk d sesine öwrülýär. Emma kyrk sözünde öwrülmeýär.
Sanlaryň gurluş aýratynlyklary
Sanlar özniň morfologik gurluşy taýdan birnäçe toparlara bölünýärler:
1.Sada sanlara mukdar sanlar, tertip sanlar, topar sanlar degişlidir. Meselem: Bäş depder, iki kitap, XX asyr...
2.Goşma sanlar birden artyk sanlaryň goşulmagyndan emele gelýärler we ýazuwda goşulyp ýazylýar.
Meselem: Birki, birküç...
3.Düzme sanlar iki, üç, dört we ondan hem köp sözleriň yzly-yzyna düzülip, bir mukdary ýa-da tertibini aňlatmagy bilen düzme sanlar emele gelýär.
Meselem: On iki, ýigrimi bäş, bir ýüz on ikinji...
4.Tirkeş sanlar çen-takmyn aňladap, köplenç, iki sözüň tirkeşmeginden hasyl bolýarlar.
Meselem : Biz dört-bäş ýyllykda duşuşypdyk.
Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty
Sanlar sözlemlerde baş agza
(eýe, habar) we aýyklaýjy agza
(aýyrgyç, doldurgyç) bolup
gelmäge ukyplydyr.
Meselem:
1. Alty jübüt sandyr.
2. Iki dördüň sekiz.
3.Biz birinji orna mynasyp bolduk.
4.Okuwçylar hatara iki-ikiden düzüldiler.
Mukdar sanlary tertip sana öwrüň
Bäş
dört
dokuz
-ünji
-inji
on
üç
-ynjy
-unjy
-ünji
Çalyşmalar
Çalyşmalar birnäçe topara bölünmek bilen, isimlere degişli birnäçe söz toparyna derek ulanylýar. Mysal üçin, at çalyşmalary men, sen, ol; biz, siz, olar, atlaryň hemme, ähli, bütin, käbir, birnäçe, bary çalyşmalary sanlaryň ýerine ulanylýar. Çalyşmalar beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar.
Çalyşmalaryň many taýdan toparlara bölünişi.
Çalyşmalar öz manylaryna morfologiýa taýdan şekillenişine, sözlemdäki hyzmatyna, haýsy söz toparynyň hyzmatynda ulanylýandygyna garap, birnäçe toparlara bölünýärler.
1.At çalyşmalary-men,sen, pl, biz, siz, olar.
2.Görkezme çalyşmalary-bu, şu, ol, şol.
3.Sorag çalyşmalary-kim?, näme?, nire?, näçe?, nähili?, haçan?...
4.San çalyşmalary-bütin, hemme, ähli, bary...
5.Nämälim çalyşmalary-neme, pylany, kimse...
6.Özlük çalyşmasy- öz
7.Ýokluk çalyşmalary-hiç kim, hiç zat...
8.Sypatlyk çalyşmalary-her hili, her tüýsli...
At çalyşmalary
At çalyşmalary: men, sen, ol; biz, siz, olar atlara derek ulanylýarlar we kim?, näme? diýen soraglara jogap bolýarlar.
Meselem: Men ertekili kitap okaýaryn. Sen Myrady gördüňmi? Ol Awaza gitdi.
At çalyşmalaryndan men, biz gepleýän adamy, sen, siz diňleýän adamy aňladýar we kim? diýen soraga jogap bolýar.
Emma ol çalyşmasy adam üçin ulanylanda kim?, adamdan beýleki zatlar üçin ulanylanda ( haýwan, ösümlik, zat) näme? diýen soraga jogap bolýar. Meselem: Ol (Myrat) şäherde ýaşaýar. Ol (agaç) ýabyň boýunda ösüp otyr.
At çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýşi
B.d- men, sen, ol, biz, siz, olar.
E.d- meniň, seniň, olaryň, biziň, siziň, olaryň
Ý.d- maňa, saňa, oňa, bize, size, olara
Ýe.d- meni, seni, ony, bizi, sizi, olary
W.o.d- mende, sende, onda, bizde, sizde, olarda
Ç.d-menden, senden, ondan, bizden, sizden, olardan
Sorag çalyşmalary
Sorag çalyşmalary adam atlaryny, adamlaryň
kärini, garyndaşlyk gatnaşyklaryny,
Haýwanat-ösümlik dünýäsini aňladýan
sözleri, zatlaryň hilini, tertibini, wagtyny anyklamak üçin ulanylýan sözlerden-soraglardan ybaratdyr.
Sorag çalyşmalary söz toparlaryna degişli berilýän soraglaryň jemidir.
Kim?, näme?, nire?- atlara berilýän sorag;
Näçe?, näçenji?- sanlara berilýän sorag;
Nähili?, neneňsi?, nätüýsli?- sypatlara berilýän sorag;
Haçan?, näwagt?- hallara, wagt we ýagdaý bilen baglanyşykly sözlere berilýän soraglar sorag çalyşmalaryny emele getirýärler.
Nämälim çalyşmalary
Atlara derek ulanylýan çalyşmalaryň biri hem
kimse, biri,neme, plany, kimdir biri diýen
nämälim çalyşmalardyr. Bu çalyşmalar diňe
adam barada gürrüň edilende ulanylýar.
Nämälim çalyşmalardan neme, pylany sözleri
köplük san -lar,-ler goşulmalaryny kabul edip
bilýärler we bir maşgalany ýa-da bir kärdäki
adamlary aňladýar.
Meselem: Nemeler pylanylar bilen goňşy ýaşaýarlar.
Biri, kimdir biri köplük san goşulmasyny kabul etmeýärler.
Kimse çalyşmasy-da käte köplük san goşulmasyny alyp bilýär. Meselem: Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp.
Kimse çekip dürli azap hoş indi... (S.Seýdi).
Özlük çalyşmasy
Özlük çalyşmasy öz degişlilik goşulmalaryny kabul edenden soň, men, sen, ol biz, siz, siz, olar at çalyşmalary ýaly atlaryň hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Meselem:
Meniň özüm, Biziň özümiz
Seniň özüň, Siziň özüňiz
Onuň özi, Olaryň özi
Görkezme çalyşmalary
Görkezme çalyşmalary bu, şu, ol, şol sözlerden ybarat bolup, olardan bu, şu çalyşmalary ýakyndaky zady, ýakynda bolan wakany görkezmekde ulanylýar, ol, şol görkezme çalyşmalary biraz daşrakdaky zady, öň bolan wakany ýatlamakda ulanylýar.
Meselem: Bu kitaby men öňem okapdym.
Şol duşuşykdan bäri men ony görmändim.
görkezme çalyşmalary öz aýyklaýan sözlerinden öň gelýärler we bu duran ornunda üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.
Eger aýyklaýan sözleri sözlemde düşüp galsa, onda görkezme çalyşmalary atlaşýarlar we atlaryň hyzmatynda ulanylýar. Meselem: Bular indi ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlanýarlar.
Sypatlyk çalyşmalary
Sypatlyk çalyşmalary her, hiç sözleri özbaşdak ýagdaýda atlary aýyklap gelýärler.
Meselem: Ol işinde hiç kemçilik goýbermändi.
Her we hiç çalyşmalary hili, tüýsli sözleri bilen ýanaşyk gelende sypatlyk häsiýetine eýe bolýar.
Meselem: Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar.
Her we hiç çalyşmalary kim, zat sözleri bilen bile gelenlerinde köplenç, at hyzmatynda ulanylýarlar.
Meselem: Her kim öz işi bilen meşguldy.
Onuň her zatlar ýadyna düşýärdi.
Hiç kim unudylmaly däldir.
San çalyşmalary
San çalyşmalary hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel, käbir, birnäçe ... ýaly sözlerden ybaratdyr. Olar näbelli mukdary aňladýarlar.
Bu çalyşmalardan hemme, käbir, birnäçe sözleri – lar,
-ler köplük san goşulmasyny kabul edýärler.
Bütin, külli, tükel çalyşmalary köplenç, goşulmasyz ulanylýar.
Mysal üçin, hemme adamlar diýen söz düzüminde adamlar sözüni taşlasak, onda hemmeler bolýar.
Hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel çalyşmalary tutuş jemi görkezýär, käbir, birnäçe nämälim sany ýa-da onuň bir bölegini görkezýärler.
аш текст
Çalyşmalaryň gurluş aýratynlyklary
Çalyşmalar gurluşy taýdan aşakdaky toparlara bölünýärler.
Sada çalyşmalara men, sen, ol, biz, siz, olar; bu, şu, ol, şol; bütin, hemme, ähli, bary; neme, pylany, biri; öz ýaly bir sözden ybarat çalyşmalar degişlidir.
Käbir, birnäçe ýaly san çalyşmalary goşma çalyşmalardyr.
Meniň özüm...kimdir biri, hiç kim,her hili... ýaly çalyşmalar düzme çalyşmalara , kimde-kim, sene-mene (edişmek) senli-menli, odur-budur çalyşmalary tirkeş çalyşmalara degişlidir.
Düzme çalyşmalar (kimdir biri) aýry, tirkeş çalyşmalar çyzyjak (kimde-kim) arkaly ýazylýar.
Çalyşmalaryň sözlemdäki hyzmaty
Çalyşmalar sözlemde eýe, habar bolup, baş agzalyk hyzmatynda, aýyrgyç, doldurgyç bolup, aýyklaýjy agzalyk hyzmatynda gelýärler.
Meselem: Hemmämiz (eýe) bagtyýar döwrüň çagalarydyrys.
Bu habary getiren onuň özi. (habar)
Bu günki (wagt aýyrgyjy) sapak irräk gutardy.
Sona bu habara begenip, maňa (ýöneliş doldurgyjy) seretdi.
Siz çalyşmasynyň sylag-hormat manysynda ulanylyşy
II- şahsyň köplügini bildirýän siz çalyşmasy wezipeli adamlary, özüňden ululary hormatlamakda, resmi söhbetdeşlikde, toý-baýramda gutlag, minnetdarlyk hökmünde ulanylanda, sözlemiň niresinde gelse-de baş, harp bilen ýazylýar we hormat-sylagyň nyşany bolup hyzmat edýär.
Meselem:
Hormatly Prezidentimiz! Size we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we üstünlik arzuw edýäris!
Söz toparlary
At
Kitap
Atlar
Sypatlar
Sanlar
Çalyşma
lar.
Sypat
Beýik
San
Bäşinji
Çalyşma
Biz
Çeken zähmetimiziň netijelerini jemleýäris
Nädogry ýazylan sözi tapyň: a) gülkiniň b) ýörite ç) gaýdywsyz
Täze sözleriň goşulmalar arkaly ýasalyşy:
a) morfologik
Ç ) sintaktik söz ýasalyşdyr
söz
ýasalyşdyr
b) leksik söz ýasalyşdyr
Aşgabatly diýen söz
a) jyns at b) has at ç) ikisem däl
Suw, halk, saç sözleri:
a) birlik sany aňladýar; b) köplük sany aňladýar; ç) hem birligi, hem köplügi aňladýar;
Haýsy jogap ýalňyş?
b) Agöýli, agajet
Ç) gelnalyjy, boýnoňurga
a) otlyçöp, toklylar
Oňat sözüniň sypat bolup gelen sözlemini tapyň:
a) Aman oňat okaýar. b) Jemal oňat ýazýar. ç) oňat oglan okaýşyndan bellidir.
Düýp derejedäki sypat:
a) şar gara; b) görmegeý; ç) ýukajyk;
Bir okuw ýyly dört çärýekden ybarat. Bölek san:
a) bir
Ç) çärýekden
b) dört
Birnäçe, niçik, pylany, hiç haýsy söz toparyna degişli?
a) çalyşmalara; b) sanlara; ç) atlara
Olar şol gün bize gelipdiler. Sözlemde näçe sany at çalyşmasy bar?
b) 2
ç) 1
a) 3
Öz gaýdym çalyşmasynyň eýe bolup gelen sözlemi:
a) öz gününi özi dolandyrýar. b) öz-özünden başagaý bolup ýör. ç) bu gelýän hut Aşyryň özüdir.