TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 4-nji we 6-njy synp okuwçylary üçin elektron interaktiw –multimediýa okuw gollanmasy
Daşoguz
IŞLIKLER
Işlikleriň many aýratynlyklary.
Täsirini geçirýän işlikler.
Täsirini geçirmeýän işlikler.
Işlikleriň sintaktik hyzmaty
Işlikleriň gurluş aýratynlyklary
Işliklerde zaman aňladylyşy
Işlik derejeleri
Işlik
şekilleri
Oýunlar we goşgular
Testler, nakyllar we matallar
Ortak
işlikler
3
Goşma
işlikler
Tirkeş
Düzme
işlikler
Düýp
işlikler
işlikler
Ýasama
Sada
işlikler
işlikler
Işlikleriň gurluş aýratynlyklary
Işlik derejeleri
Gaýdym derejesi
Özlük derejesi
Ýükletme derejesi
Şäriklik derejesi
Düýp derejesi
IŞLIK ZAMANLARY
Işlikler işiň, gymyldy-hereketiň haýsy zamanda bolup geçýändigini aňladýandygyna garap, üç zamana bölünýär :
Häzirki zaman işligi
Geljek zaman işligi
Öten zaman işligi
Bular dürli hili zaman goşulmalary bilen aňladylýar.
Işlik şekilleri
Hökmanlyk şekili
Hyýal-niýet şekili
Rugsat- ejaza şekili
Alkyş-gutlag şekili
Şert şekili
Arzuw-isleg şekili
Buýruk şekili
Nämälim şekili
Ortak işlikler
Häzirki zaman ortak işligi
Öten zaman ortak işligi
Geljek zaman ortak işligi
IŞLIKLER
Işlikler many (leksika-semantik) taýyndan gymyldy-hereketi aňladýar, grammatik nukdaýnazardan zaman, şekil, ýöňkeme goşulmalaryny kabul edip, sözlemde habar hyzmatynda ulanylýar we näme edýär?, näme etdi?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolýar.
Meselem:
Berdimuhamet Mälikguly bilen Nurçanyň ylgap gidenlerini saýgaryp, rahatlyk bilen dem aldy . (Näme etdi?). Ir turan işinden dynar. Näme eder? - dynar. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Işlikleriň many aýratynlyklary
Işlikler many taýyndan gymyldy-hereketi bildir ýän işlikler we hereket düşünjesini bildirýän işlikler diýen iki topara bölünýär.
Işlikleriň birinji topary ýerine ýetirilýän gymyldy-hereketi aňladýar.
Meselem:
görmek, gitmek, okamak, ylgamak, soramak, ýöremek we ş.m.
Düşünje bildirýän işlikler hereketi däl-de, hereketiň adyny aňladýar. Bu hili işliklere uklamak, diňlemek, oýlanmak, begenmek, düýşürgemek, geňirgenmek, şatlanmak we ş.m. sözler degişlidir.
Täsirini geçirýän işlikler
Isliklere baglanýan sözlere ýeňiş düşümiň(kimi?, nämäni?, niräni?) soraglaryny bermek mümkin bolsa, olara täsirini geçirýän işlikler diýilýär.
Meselem:
Ol bir gün meni ýanyna çagyrdy. Kimi çagyrdy? - meni. Kakasy ýylgyryp durşuna, Myradyň kellesini sypalady. Nämäni sypalady? - kellesini. Men tuda çykyp, ikinji tudanany agzyma atdym. Nâmâni agzyna atdyn? - tudanany. Joramyň Aşgabady ilkinji gezek görşüdi. Niräni görşüdi? - Aşgabady.
Tasirini geçirmeýän işlikler
Ýeňiş düşümiň (kimi?, nämäni?, niräni?) soraglaryny talap etmese, ol hili işliklere täsirini geçirmeyän işlikler diýilyär.
Meselem:
Men tuda dyrmaşyp çykdym. Ejem bilen doganlarym ylgaşyp geldiler. Haýran galmakdan meniň gözlerim tegelendi.
Işlikleriň sintaktik hyzmaty
Işlikler sözlemde, esasan, habar hyzmatynda ulanylýar.
Düýp işlikler
Işlikleriň many aňladýan iň kiçi bölegine düýp işlik diýilýär.
Meselem:
ýaz, oka, gaz, ýat, ylga we ş.m.
Düýp işlikler asyl we ýasama düýp işliklere bölünýär.
Asyl düýp işlikler şol duruşlaryna many aňladýar we böleklere bölünmeýär.
Meselem:
bar, gel, al, otur, dur we ş.m.
Işliklerden we beýleki söz toparlaryndan ýasayjy goşulmalar arkaly ýasalan işliklere ýasama düýp işlik diýilýär.
Meselem:
el-ellemek, diş-dişemek, çöp-çöplemek, suw- suwarmak, çaý-çaýlaşmak, dar-darykmak, giç- gijikmek we ş.m.
Ýasama işlikler
Türkmen dilinde ýasama işlikleriň sada, goşma, tirkeş we düzme işlik ýaly görnüşleri bar.
Sada işlikler
Bir sözden ybarat bolan asyl we ýasama işliklere sada işlikler diýilýär.
Meselem:
Ýuwaş - a - ýuwaşamak, dar - yk - darykmak, gat -la- gatlamak, palta -la- paltalamak, çal -ar- çalarmak, gök -er- gögermek, şat -lan- çatlanmak, giç -ik- gijikmek, mes -irge- mesirgemek we ş. m.
Goşma işlikler
Bolmak, gülmek, goýmak, oturmak ... ýaly işlikler bermek, bilmek işlikleri bilen goşulyşyp aýdylýar. Olar ýazuwda hem geplenilişi ýaly goşulyşyp ýazylýar. Şonda ikinji bogundaky çekimli dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem:
boluber, gülüber, goýuber, oturybermek, bolubilmek.
Tirkeş işlikler
Tirkeş işlikler aşakdakylar ýaly emele gelýär.
1. Hal işlikleriň gaýtalanyp gelmeginden:
gözleý-gözleý, yzlaý-yzlaý, dura-dura, gele-gele, güle-güle, oýlana oýlana, dolana dolana, bezene-bezene, aýlana-aýlana, aýdyp-aýdyp, okap-okap, oturyp-oturyp, işlüp-işlap, diýip-diýip we ş.m.
2. Garşydaş manyly hal işlikleriň tirkeşip gelmeginden:
münüp-düşüp, ýazyp-bozup, oturyp-turup, girip- -çykyp, ýatyp-turup, alyp-berip we ş.m.
3. Manydaş hal işlikleriň tirkeşip gelmeginden:
ýykyp-ýumrup, syryp süpürip, egrip-dokap, ýalap-ýülmäp, oýnap-gülüp, süýnüp-sarkyp, sypap-sermäp, aglap-eňräp, ekip-dikip, iýip-içip, çekip-dartyp.
4. Öten zaman şekilindäki işlikleriň tirkeşip gelmeginden:
geldi-gitdi, durdy-durdy, aldym-berdim, tutdum- -tutdum we ş. m.
5. Şert işlikleriniň tirkeşip gelmeginden:
ýatsa-tursa, gelse-gitse, otursa-tursa, okasa-öwrense, ýygsa-ýygmasa, gelse-gelmese, aýtsa-aýtmasa we ş. m.
6. Nämälim geljek zaman şekilindäki işlikleriň tirkeşip gelmeginden:
geler-gider, oturar-turar, ýatar-turar, sorar-biler, gonar-göçer we ş. m.
Düzme işlikler
Düzme işlik many hem grammatik taýdan özara baglanyşýan birden köp sözden hasyl bolup, bir soraga jogap bolýar.
Meselem:
geň galmak, mydar etmek, gam çekmek, masgara bolmak, gülüp goýberdi, okap otyr, isläp ýör we ş.m.
Düzme işlikleri hasyl edýän sözler mydama bile ulanylýar. Olary emele getirýän sözleriň soňkusy işlikden , öňdäki sözleri dürli söz toparlaryndan bolýar.
Meselem:
Berdimuhamet okuwçylara kagyz-galamlaryny öýlerine äkitmäge rugsat berdi . (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Düzme işlikleriň ilkisine esasy söz, soňkusyna kömekçi işlik diýilýär.
IŞLIK DEREJELERI
Işiň, gymyldy-hereketiň, hadysanyň, wakanyň kim tarapyndan, näme tarapyndan nähili ýerine ýetirilendigini bildirýän işliklere işlik derejeleri diýilyär.
Işlik derejeleriniň goşulmalary asyl we ýasama işliklere goşulýar. Olar aňladýan manylaryna görä bäş topara bölünýär.
Işligiň düýp derejesi
Dereje ýasaýjy goşulmalary kabul etmedik asyl we ýasama işliklere işligiň düýp derejesi diýilýär.
Meselem:
bol, oka, ber, ýyg, bejer, goý, sür, duzla, dörje, agsakla, ýekele we ş. m.
Isligiň şäriklik derejesi
Işiň, gymyldy-hereketiň iki ýa-da birnäçe bolup şärikli ýerine ýetirilýändigini bildirýän işliklere işligiň şäriklik derejesi diýilýär.
Işligiň bu derejesi -yş/-iş/-uş/-üş/-ş goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar. Meselem:
...Ýazly yzçy baradaky rowaýatlary häli-häzire çenli ýatla ş ýarlar. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Işligiň şäriklik derejesi:
birek-birege kömek bermegi;
ikitaraplaýyn guralan ýaryşy;
ikitaraplaýyn bolan hyzmaty;
köpçülik bolup ýerine ýetirilýän hereketi;
jansyz zatlara haýsydyr bir täsiriň ýetmegi bilen ýüze çykýan hereketi aňladýar.
Eger «bilen» sözi ýaryşýanlaryň adynyň arasynda gelse, ol baglaýjy kömekçi bolýar, eger-de ýaryşýanlaryň adynyň ikisiniň hem yzyndan gelse, onda «bilen» sözi sözsoňy kömekçi hyzmatynda gelýär.
Işligiň ýükletme derejesi
Işligiň ýükletme derejesi täsirini geçirýän işliklerden -dyr/-dir/-dur/-dür/-t goşulmalarynyň goşulmagy bilen ýasalýar.
Işligiň ýükletme derejesinde gymyldy-hereketi sözlemiň eýesiniň buýurmagy, haýyşy we tabşyrygy boýunça başga biri ýerine ýetirýär.
Meselem:
Garry enesi Berdimuhamede bazardan köýneklik üçin ak, balaklyk üçin gara mata aldyrtdy. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Işligiň özlük derejesi
Gymyldy-hereketiň şol işi ýerine ýetirýäniň özi üçin edilýändigini bildirýän işliklere işligin özlük derejesi digilgär. Işligiň özlük derejesi yn/-in/ un/-ün/n,yl/ -il/-ul/-ül/-l goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.
Meselem:
çiňerildi, oýlandy, tutundy, agdaryldy, çaýkandy we ş. m.
Işligiň gaýdym derejesi
Gymyldy-hereketiň başgalar tarapyndan ýerine ýetirilendigini bildirýän işliklere işligiň gaýdym derejesi diýilýär.
Işligiň bu derejesi -yl/-il/-ul/-ül/-l/,-yn/-in/-un/ -ün/-n goşulmalarynyň kömegi bilen gasalgar.
Meselem:
gerildi, ýuwuldy, ýygyldy, öwrenildi, eşidildi, görüldi.
Gaýdym dereje bilen özlük derejäniň (yn/-in/ -un/-ün/-n,-yl/-il-ul/-ül/-l) goşulmalary menzeşdir. Emma olar aýry-aýry manyny aňladýar. Mysal üçin, işligin gaýdym derejesinde gymyldy-hereketi sözlemiň eýesi ýerine ýetirmeýär, ýagny gymyldy-hereket eýä degişli däldir. işligiň özlük derejesinde welin gymyldy-hereket sözlemiň eýesi tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Meselem:
Gaýdym dereje: daraldy, ýazyldy, görüldi, sürüldi.
Özlük dereje: darandy, ýazyndy, göründi, süründi.
Dereje ýasaýjy goşulmalaryň goşulyş yzygiderliligi
Işligiň düýp derejesiniň soňuna birnäçe dereje goşulmalarynyň tirkeşip goşulyşyna duş gelmek bolýar.
Meselem:
Oýla nyl man edilen iş hiç wagt oňat netije bermez. Ber il digi bolsun!-çasly sesi bilen gygyrdy. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Öten zaman işligi
Gymyldy-hereketiň öň bolup geçendigini aňladýan işliklere öten zaman işligi diýilýär.
Meselem:
Gün dogdy . Onuň ýiti şöhlesi mukaddes ojagyň belent alawy bilen birleşip, bütin älem jahana öçmejek nur saçdy .
Bu bolsa bakylygyň nyşany. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Öten zaman işligi üç topara bölünýär:
1. Anyk öten zaman işligi.
2. Dowamly öten zaman işligi.
3. Daş öten zaman işligi.
1. Anyk öten zaman işligi düýp işligiň yzyna -dy/-di goşulyp ýasalýar.
Meselem:
Ejem ýuwaşja ýöräp daşary çykdy. Öwez daýy sözüne dyngy berip, meniň ýüzüme ýylgyryp seretdi.
Anyk öten zaman işliginiň ýoklugy düýp işlik bilen -dy/-di goşulmasynyň arasyna -ma/-me goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.
Meselem:
Gündogdy jogap bermedi. Ýöne welin Almagülüň hem ýeke oýnap mazasy bolmady.
2. Dowamly öten zaman işligi işiň, gymyldy- -hereketiň köp wagt dowam edendigini aňladýar we ol üç hili ýol bilen ýasalýar.
a) Häzirki zaman işliginiň goşulmasynyň (ýar/ -ýär) yzyndan -dy/-di kem işlik (habarlyk) goşulmasynyň gelmegi bilen ýasalýar.
Meselem:
Olar bir partada bile oturýardylar. Günler birhili gyzyksyz geçýärdi. Emma meniň ýygan ýerimde pagta übtüjekleri galýardy. Ol kiçijik jigisini arkasyna göterip durşuna ýüzüme bilesigelijilik bilen seredýärdi. Özi netije çykarmakdan gorkýardy.
b) Dowamly öten zaman işligi otyr, ýör, ýatyr, dur ýaly anyk häzirki zaman işliginiň yzyna -dy/-di kem işlik (habarlyk) goşulmasynyň goşulmagy arkaly-da ýasalýar.
Meselem:
Şol gün men Goňurja bilen hezil edip oýnap ýördüm. Göwherlere gelenimizde, olaryň öýünde bizden aňyrrakda ýaşaýan Sapar baba, kakasy hem bir aýal otyrdy. Onuň öňünde her hili öwşün atýan mata ýatyrdy.
ç) Dowamly öten zaman işligi nämälim geljek zaman işliginiň goşulmasyndan ( ar/ -er/-r) soň -dy/-di kem işlik (habarlyk) goşulmasynyň goşulmagy bilen hem ýasalýar.
Meselem:
Olar bileje oýnardylar, owlak-guzularyny bakmaga-da öra bileje giderdiler.
Dowamly öten zaman işliginiň ýoklugy düýp işligiň soňuna -ma/-me goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.
Meselem:
okaýardy - okamaýardy, gelýärdi - gelmeyärdi, kömekleşerdi - kömeklesmezdi, ylgardy - ylgamazdy we ş.m.
3. Daş öten zaman işligi işiň, gymyldy-hereketiň geplenilip durlan wagtdan has ir bolup geçendigini aňladýar. Ol hal işliginiň goşulmasynyň ( yp,-ip) yzyna -dy/-di kem işlik (habarlyk) goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.
Meselem:
Ýazyň gelmegi bilen meýdanda iş köpelipdi. Öz aramyzda makullap, ejemizden rugsat alyp goýupdyk.
Öten zaman işliginiň ýöňkeme goşulmalary
Öten zaman işligi menlik ýöňkemede gelende, gymyldy-hereketiň sözleýjiniň özi tarapyndan ýerine ýetirilendigini ýa-da onuň gatnaşmagynda köplük bolup ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Meselem:
Men birdenem ýene derwezä tarap seretdim. Biz agaç sekiniň ýanyna geldik. Biz Öwez daýynyň ýanyndan aýrylmadyk.
Öten zaman işligi senlik ýöňkemede gelende, gymyldy-hereketiň diňleýjiniň ýeke özi tarapyndan amala aşyrylandygyny ýa-da onuň gatnaşmagynda köplük bolup ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Meselem:
Sen gülüňe gowy ideg etdiň. Siziň hemmäňizem wagtynda gelip ýetişdiňiz.
Öten zaman işligi olluk ýöňkemede gelende, gymyldy-hereketiň başga bir adam ýa-da birnäçe adam tarapyndan ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Meselem:
Ol towuk bilen pişigiň arasyna atylyp düşdi. Jüýjeler dyr-pytrak boldy.
Dodak çekimlisi bolan bir bogunly işlikler (dur, gur, gör, gül, bol, sür, tur, ýol we ş.m) öten zamanyň goşulmasyny kabul edip, menlik we senlik ýönkemelerde üýtgände, zaman goşulmasyndaky (-dy/-di) gysga aýdylýan dar çekimli dodaklandyrylyp, -du/-dü görnüşinde ýazylýar.
Meselem:
Ejemiň işden gelip, içeri girip barýanyny gördüm.
Bir bogunly dodak çekimlili işlikler senlik ýöňkemaniň köplügini kabul edende, -ňyz/-ňiz goşulmasy dodaklandyrylyp (-ňuz/-ňüz) aýdylýar, ýazuwda welin dodaklandyrylman ýazylýar.
Meselem:
goýduňuz däl-de, goýduňyz, ördüňüz däl-de, ördüňiz.
Bir bogunly dodak çekimlili işlikler olluk ýöňkemede gelende, söz soňundaky dar çekimli dodaklandyrylyp aýdylýar, ýöne ol sözüň sonunda bolany uçin dodaklandyrylman ýazylýar.
Meselem:
gördü, böldü, sürdü däl-de, gördi, böldi, sürdi.
Dodak çekimlisi bolan bir bogunly işlikler (dur, gur, gör, gül, bol, sür, tur, ýol we ş.m) öten zamanyň goşulmasyny kabul edip, menlik we senlik ýönkemelerde üýtgände, zaman goşulmasyndaky (-dy/-di) gysga aýdylýan dar çekimli dodaklandyrylyp, -du/-dü görnüşinde ýazylýar.
Meselem:
Ejemiň işden gelip, içeri girip barýanyny gördüm.
Bir bogunly dodak çekimlili işlikler senlik ýöňkemaniň köplügini kabul edende, -ňyz/-ňiz goşulmasy dodaklandyrylyp (-ňuz/-ňüz) aýdylýar, ýazuwda welin dodaklandyrylman ýazylýar.
Meselem:
goýduňuz däl-de, goýduňyz, ördüňüz däl-de, ördüňiz.
Bir bogunly dodak çekimlili işlikler olluk ýöňkemede gelende, söz soňundaky dar çekimli dodaklandyrylyp aýdylýar, ýöne ol sözüň sonunda bolany uçin dodaklandyrylman ýazylýar.
Meselem:
gördü, böldü, sürdü däl-de, gördi, böldi, sürdi.
Häzirki zaman işligi
Gymyldy-hereketiň dowam edip durandygyny aňladýan işliklere häzirki zaman işligi diýilýär. Ol iki ýol bilen aňladylýar: umumy häzirki zaman işligi we anyk häzirki zaman işligi.
Umumy häzirki zaman işliginiň aňladylyşy
Umumy häzirki zaman işligi düýp işlikleriň yzyna çekimlisi uzyn aýdylýan -ýar/ýâr goşulmasynyň goşulmagy bilen aňladylýar.
Meselem:
- Men stansiýada, demir ýol wokzalynda otur ýar yn meniň adym Platon, Platon Iwanowiç. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Umumy häzirki zaman işliginiň ýönkeme goşulmalary
Gymyldy-hereketiň kim, näme tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bildirmek üçin umumy häzirki zaman işliginiň yzyna degişli ýönkeme goşulmasy goşulýar.
Menlik ýöňkemäniň -yn/-in goşulmasyny kabul eden umumy häzirki zaman işligi gymyldy-hereketiň sözleýjiniň ýeke özi tarapyndan ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Meselem:
Men alýaryn, gelýärin.
Menlik ýönkemäniň -ys/-is goşulmasyny kabul eden umumy häzirki zaman işligi gymyldy-hereketiň köplük bolup ýerine ýetirilýändigini aňladýar.
Meselem:
Biz alýarys, gelýäris .
Anyk häzirki zaman işliginiň aňladylyşy
Türkmen dilinde anyk häzirki zamany aňladýan işlikler köp däldir. Ol çekimlisi uzyn aýdylýan du:r, ýaty:r, oty:r, ýö:r işlikler bilen aňladylýar. Many taýyndan sözlenilip durka dowam edýän hereketi bildirýär.
Meselem:
Myhman öýümizde otyr. Garagöz garysyny ýassanyp ýatyr.
Anyk häzirki zaman işlikleri ýönkeme goşulmalaryny kabul edýärler.
Meselem:
Men durun, sen otyrsyň, ol ýatyr, biz durus, siz dursuňyz, olar ýatyrlar.
Bellik. Anyk häzirki zamany aňladýan bu işliklerde ýokluk durun - duramok, otyryn - oturamok, ýatyr - ýatanok, ýörün - ýöremok sekilinde aňladylýar.
Geljek zaman işligi
Işiň, gymyldy-hereketiň indi ýerine ýetirilmelidigini aňladýan işliklere geljek zaman işligi diýilýär. Geljek zaman işligi iki hili ýol bilen ýasalýar: mälim geljek zaman işligi we nämälim geljek zaman işligi.
Mälim geljek zaman işliginiň aňladylyşy
Geljek zaman işliginiň bu görnüşi düýp işlige -jak/-jek goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar we many taýyndan indi ýerine ýetiriljek gymyldy-hereketi aňladýar.
Meselem:
okajak, öwrenjek, islejek.
Mälim geljek zaman isligi gymyldy-hereketiň kim we näme tarapyndan ýerine ýetirilendigini aňladýan ýönkeme goşulmalaryny kabul etmeýär. Şonuň üçin işligiň öňünden gymyldy-hereketi ýerine ýetireniň ady ýa-da at çalysmasy getirilýär.
Meselem:
Men ylgajak, sen ylgajak, ol ylgajak. Gyzlar haly dokamagy tiz öwrenjek.
Mälim geljek zaman işliginiň ýoklugy -jak/-jek goşulmasyny kabul eden işligiň yzyndan däl kömekçisi getirilip ýasalýar.
Meselem:
Men siziň toparyňyza goşuljak däl. Seniň bilen gitjek däl.
Nämälim geljek zaman işliginiň aňladylyşy
Nämälim geljek zaman işligi düýp işlige -ar/-er goşulmasynyň goşulmagy arkaly ýasalýar we bir işiň boljakdygyny çak etmegi aňladýar.
Meselem:
alar, geler, okar we ş.m.
Nämälim geljek zaman işliginiň ýoklugy düýp işlik bilen -ar/-er goşulmasynyň arasyna -ma/-me goşulmasynyň goşulmagy bilen hasyl bolýar.
Meselem:
almaryn, almarsyň, almaz, gelmeris, gelmersiňiz, gelmez.
Üçünji ýöňkemede gelende, nämälim geljek zaman işliginiň goşulmasynyň (-ar/-er) r sesi z sesine öwrülýär.
Meselem:
tapmaz, gelmez, barmazlar, geplemezler.
Nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk galyplary ýöňkeme goşulmalaryny kabul edýärler.
Meselem:
Men okaryn, sen okarsyň, ol okar. Biz okarys, siz okarsyňyz, olar okar(lar).
Dereje goşulmalaryny kabul eden işlikleriň ýazuw düzgünleri
Bir bogunly, soňy çekimsiz ses bilen gutaran dodak çekimlili işliklere dereje ýasaýjy goşulmalar goşulanda, ikinji bogundaky dereje ýasaýjy goşulmalaryň çekimlisi dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem:
sür-sürün, sürül, sürdür; böl-bölüş, böldür; ýuw- ýuwuş, ýuıvdur, yuwdurt; oý-oýdur, oýuş we ş.m.
Gaýdym, şäriklik, özlük derejelerinde ulanylýan işliklere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar çekimliler umumy kada laýyklykda düşürilip ýazylýar.
Meselem:
görün-görnüň, görner; ýygyş-ýygşar, ýygşyň; gerin-gerniň; oruş-orşuň; gurul-gurlar we ş.m.
Dereje ýasaýjy goşulmalaryň öňünden açyk z, d we dymyk çekimsizler gelse, onda ikinji bogundaky dar çekimli düşürilmeýär.
Meselem:
kakyn-kakynar, kakyş-kakyşar, ýazyn-ýazynar, ýazyş-ýazyşar, böküş-böküşer.
IŞLIK ŞEKILLERI
Işlik şekilleri gymyldy-hereketiň wagtyny aňlatmaýar. Olar many taýyndan işligiň buýruk şekili, hökmanlyk şekili, arzuw-isleg şekili, hyýal- -niýet şekili, alkyş-gutlag şekili, rugsat-ejaza şekili, şert şekili, nämälim şekili diýen toparlara bölünýär.
Işligiň buýruk şekili
Buýurmagy, haýyş etmegi, tabşyrmagy aňladýan işliklere işligiň buýruk şekili diýilýär.
Işligiň buýruk şekiliniň ýöňkeme goşulmalary
Birlik sany: Köplük sany:
1. -aýyn/-eýin/-ýyn, -ýin 1. -aly/-alyň/-eli/-eliň/-ly/ -aýaýyn/-aýeýin. -lyň/-li/-liň/-aýalyň/-aýeliň.
2. a) düýp işlik şekilinde. 2. a) -yn/-in/-uh/-ün/-n.
b) -aý/-äý/-ý. b) -aýyň/-üýiň/-ýyň/-ýiň.
ç) -gyn/-gin/-gun/-gün. ç) ... d) -sana/-sene. d) -saňyzla/-seňnizle.
-saňyzlaň/-seňizläň.
3. -syn/-sin/-sun/-sün. 3. -synlar/-sinler,
-sunlar/-sünler.
Işligiň buýruk şekiliniň ýönkemede üýtgeýşi
Işlikleriň ýöňkeme goşulmalaryny kabul etmegi bilen, işligiň dürli manyly buýruk şekili ýasalýar.
1. Menlik ýöňkemäniň birliginiň -aýyn/ eýin/ -ýyn/ -ýin goşulmalaryny kabul eden işlikler bir işi ýerine ýetirmeklige hyýal etmegi aňladýar.
Meselem:
Men nobata duraýyn. Men saňa kömekleşeýin. Men hekaýany okaýyn.
2. Işligiň buýruk şekiliniň senlik ýönkemesi buýruk äheňde aýdylan asyl we ýasama işlikler arkaly aňladylýar.
Meselem:
Sen dur, öwrül, dolan, ylgama, oka, ýylgyr we s.m.
Senlik ýöňkemäniň birliginiň -aý/-äý/-ý goşulmalaryny kabul eden işlikler many taýdan haýyş äheňli buýrugy aňladýar.
Meselem:
duraý, geläý, okaý, işläý we ş.m.
3. Olluk ýöňkemäniň birligi üçin ulanylýan -syn/ -sin/-sun/-sün, köplügi üçin ulanylýan -synlar/ -sinler/-sunlar/-sünler goşulmalaryny kabul eden işlikler bir işiň edilmegini ýa edilmezligini tabsyrmagy we buýurmagy aňladýar.
Meselem:
tapsyn, çyksyn, gelsin, geýinsin, sürsünler, duşuşsynlar we ş.m. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Işligiň hökmanlyk şekili
Işligiň hökmanlyk şekili düýp işlikleriň soňuna -maly/-meli goşulmalary goşulyp ýasalýar.
Meselem:
taýýarlanmaly, ýeňlemeli, öwrenmeli, tanyşmaly we ş.m.
Bu goşulmany (-maly- meli) kabul eden işlikler many taýyndan bir işiň ýerine ýetirilmelidigini ýa-da ýerine ýetirilmeli däldigini aňladýar.
Meselem:
Bu ýaryşda biz öňdeligi eýelemeli. Hasyly çalt we isripsiz ýygnamaly.
Işligiň hökmanlyk sekiliniň ýoklugy -maly/-meli goşulmalaryny kabul eden işlikleriň yzyndan däl sözi getirilip ýasalýar.
Meselem:
Almaly däl, sürmeli däl.
Isligiň bu şekili ýöňkeme goşulmalaryny kabul etmeýär, şol sebäpli gymyldy-hereketiň kime we nämä degişlidigini bildirmek üçin onuň öňünden at calyşmasy ýa-da degisli at getirilýär.
Meselem:
Men gözlemeli, sen gözlemeli, ol gözlemeli. Men göreşmeli däl, sen göreşmeli däl. Biz göreşmeli, siz göreşmeli, olar göreşmeli. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
Işligiň hökmanlyk şekili permanlarda, kararlarda, buýruklarda giňden ulanylýar, many taýyndan işiň hökman ýerine ýetirilmelidigini aňladýar.
Işligiň arzuw-isleg şekili
Işligiň arzuw-isleg şekili düýp işlikleriň soňuna -aýady /äýedi, -sady /-sedi goşulmalarynyň goşulmagy bilen ýasalýar. Bu işlik şekili arzuwy, islegi, dilegi, ahmyr etmegi, ökünmegi aňladýar.
Meselem:
Belki, bu işimiz başa baraý adyda . Kakamy ýene bir- je gezek gör sed im. Çerkez Batman aganyň gizlän zadyny tap aýady -da. Howa hem basymrak gyz aýady -da.
Işligiň arzuw-isleg şekiliniň ýoklugy -ma/-me goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.
Meselem:
Ekinleri su gije bir sowuk urmaýady. Ýylboýy çeken zähmetimiz yrýa bolmaýady. Matanyň reňki solmasady.
Işligin arzuw-isleg şekili sözlemde habar hyzmatynda gelýär.
Meselem:
Jigim okuwdan tizräk gelsedi. Howa basymrak salkynlasady. Balkan palwan hem öz arzuwyna ýetäýsedi-dä. Doganym kitaphanadan wagtynda geläýedi-dä.
Işligiň bu şekili ýöňkeme goşulmalaryny kabul edyär.
Men okasadym, biläýedim. Biz okasadyk, biläýedik.
Sen okasadyň, biläýediň. Siz okasadyňyz, biläýediňiz.
Ol okasady, biläýedi. Olar okasady (lar),biläýedi(ler).
Olluk ýöňkemäniň köplüginde san goşulmasy (-lar/ -ler) düşürilip hem ulanylýar: olar okasady, biläýedi.
Işligiň hyýal-niýet şekili
Işligiň hyýal-niýet şekili işlikleriň yzyna -makçy/-mekçi goşulmalarynyň goşulmagy bilen ýasalýar. 0l bir işi ýerine ýetirmäge hyýallanmagy, niýet etmegi aňladýar.
Meselem:
Men işimi tamamlanymdan soň, bazara aýlanmakçy. Ejesi ogluny bagryna basmakçydy, ýüz- gözünden ogsamakçydy.
Işligiň hyýal-niýet şekili ýöňkemede üýtgemeýär, ýagny ýöňkeme goşulmalaryny kabul etmeýär. Şonuň üçin bu işlik şekiliniň öňünden degişli atlar ýa-da at çalyşmalary ulanylýar.
Meselem:
Men görmekçi, Biz görmekçi,
Sen görmekçi, Siz görmekçi,
Ol görmekçi, Olar görmekçi.
Olluk ýöňkemede gymyldy-hereketi ýerine ýetiriji dürli söz toparlaryndan bolup biler.
Meselem:
Oglanlar gezelenje ýatymlyk gitmekçi. Garşy bolmasaň, men senden bir zat soramakçy.
Işligiň hyýal-niýet şekiliniň ýoklugy däl sözi bilen aňladylýar.
Meselem:
Bagyşla, men seniň göwnüňe degmekçi däldim.
Işligiň alkyş-gutlag şekili
Işligiň bu şekili -syn/-sin/-sun/-sün goşulmalaryň kömegi bilen ýasalyp, ol adamyň edýän işiniň, bereketiniň rowaç bolmagynyň arzuw edilýändigini aňladýar.
Işligiň alkyş-gutlag şekiliniň ýene bir görnüşi adamy ruhlandyrýan, oňa ruhy lezzet berýän söz düzümleri we sözlemler arkaly hasyl bolýar.
Meselem:
Beýik Garassyzlyk baýramyňyz gutly, mübärek bolsun! Goý, siziň saçaklaryňyzyň ak bugdaý çöregi egsilmesin! Harmanyňyza bereket, ellerinize güller bitsin!
Işligiň rugsat-ejaza şekili
Işligiň rugsat-ejaza şekili buýruk şekiline menzeş ýasalýar we olarda ýöňkeme goşulmalary hem birmenzeş ulanylýar. Many taýyndan bu şekil bir işiň edilip-edilmezligine rugsat-ejaza bermegi aňladýar.
Meselem:
Men şu kitaby alaýaýyn. Sen bu kitaby okaýsana. Şu gün dynç alaýalyň.
Işligiň rugsat-ejaza sekiliniň ýöňkemede üýtgeýşi
Birlik sany: Köplük sany:
1. -aýaýyn/äýeýin. 1. - aýaly/-äýeli,
a) -aý/-üý/-ý; -aýalyn/äýeliň.
b) -sana/-sene. 2. a) -aýyň/ äýiň;
2. -aýsyn/äýsin. b) -aýsaňyzla/äýseňizle;
ç) -aýsaýyzlan/äýseýizläň,
-saňyzlaň/-seňizläň.
3. - aýsy nlar / äý sinler.
Işligiň şert şekili
Işligiň şert şekili düýp işlikleriň soňuna -sa/-se goşulmasy goşulyp ýasalýar. Bu işlik şekili amala aşyrylýan gymyldy-hereketiň şertini aňladýar.
Meselem:
Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Kabäni görsem. işligiň şert şekiliniň ýoklugy -ma/-me goşulmasynyň kömegi bilen ýasalýar.
Meselem:
Ýer doýmasa, är doýmaz. Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.
Isligiň şert şekili menlik, senlik ýöňkemeleriň birliginiň we köplüginiň goşulmalaryny kabul edýär. Olluk ýöňkemäniň birligi ýöňkeme goşulmasyz ulanylýar, köplügi bolsa -lar/-ler goşulmasyny kabul edip ýa-da kabul etmän ulanylýar.
Meselem:
Men doka-sa-m. Biz doka-sa-k.
Sen doka-sa-ň. Siz doka-sa-ňyz.
Ol doka-sa. Olar doka-sa(lar).
Geplesikde işligiň şert şekiliniň goşulmasy (-sa/ -se) dodak çekimlili sözlerde -so/-sö görnüşinde aýdylýar: okosom, otursoň, göçürsöň, süpürsöň we ş.m. Emma orfogragik kada laýyklykda dodaklandyrylman, okasam, otursaň, göçürseň, süpürseň ýaly ýazylýar.
Işligiň nämälim (infinitiw) şekili
Işligiň nämälim şekili işlikleriň soňuna - mak/ -mek/, -maklyk/-meklik/, -ma/-me goşulmalaryň goşulmagy bilen hasyl bolýar. Bu goşulmalary kabul eden işlikler gymyldy-hereketiň adyny aňladýar.
Meselem:
almak, gelmek, almaklyk, gelmeklik, alma, gelme we ş.m.
Işligiň nämälim şekiliniň -mak/-mek goşulmasy bilen -maklyk/-meklik goşulmasy özara tapawutlanmaýar. Şonuň üçin olar biri-biriniň ýerine ulanylyp bilinýär.
Meselem:
Meniň bu haty okamagym gerek / Meniň bu haty okamaklygym gerek.
Işligiň nämälim şekiliniň ýoklugy üçin -mazlyk/ -mezlik goşulmasy ulanylýar.
Meselem:
meniň okamazlygym, işlemezligim.
Işligiň nämälim şekili atlara mahsus bolan düşüm we ýönkeme goşulmalaryny kabul edýär.
Meselem:
okamagym, okamagyň, okamagy; okamaklygym, okamaklygyň, okamaklygy we ş. m.
Işligiň bu şekili işlikleriň inçe-ýogynlygyna eýerip, degişli sözlerine goşulyp ýazylýar.
Meselem:
öwrenmek, öwrenmeklik, ýazmak, ýazmaklyk we ş. m.
Dodak çekimlili sözlerde işligiň bu şekili -mok/ -mök görnüşinde aýdylsa-da ( okomok, durmok, görmök, öwrönmök we ş.m.), orfografik kada görä dodaklandyrylman, okamak, durmak, görmek, öwrenmek ýaly ýazylýar.
ORTAK IŞLIKLER
Aýyklaýan sözlerini sypatlandyryp, işiň, gymyldy-hereketiň wagtyny aňladýan, işlik we sypatlyk alamatlary bolan sözlere ortak işlikler diýilýär.
Meselem:
Amanyň ýatýan yerini synlaýan ejesi dürli bahanalar tapýardy. Çerkez ýetip gelýän maşyny saýgarmady.
Gozasy alnan gowaçalardan ot ýakyp, ýaňy ýeralma gömjek bolup durkam, ylgaşlap gelen ejeme gözüm düşdi. Çagalar älemgoşary ýada salýan arçanyň daşynda tegelenişip durdular. Biz okajak kitaplarymyzyň sanawyny düzdük.
Bu sözlemlerde alnan, gelen sözleri gymyldy-hereketiň öten zamana, ýatýan, synlaýan, ýada salýan sözi gymyldy-hereketiň häzirki zamana, okajak sözi bolsa gymyldy-hereketiň geljek zamana degişlidigini bildirýär.
Ortak işlikler sözlemde ada baglanyp, aýyrgyç hyzmatyny ýerine ýetirýär. Bu ortak işlikleriň sypatlara ýakyn tarapydyr.
Meselem:
Gülnar ýazan hatyny gaýta-gaýta okap, bukja saldy.
Bu sözlemde ýazan ortak işlik hat diýen ada baglanyp, aýyrgyç hyzmatynda ulanylýar.
Ortak işlikleriň barlyk we ýokluk şekilleriniň bol- magy, dereje ýasaýjy goşulmalar bilen ulanylmagy, belli bir zaman aňlatmagy olary işliklere ýakynlaşdyrýar.
Türkmen dilinde ortak işlikler zaman aňladyşyna göra üç topara bölünýär. Ortak işlikleriň zaman aňladyşy olaryň öz baglanýan sözi bilen birlikde ýüze çykýar.
Öten zaman ortak işligi
Öten zaman ortak işligi -an/-en goşulmasy bilen ýasalyp, baglanýan sözüniň gymyldy-hereketiniň öten zamana degişlidigini bildirýär.
Öten zaman ortak işliginiň -an/ en goşulmasy goşulan şekiliniň ýoklugy -madyk/-medik goşulmasynyň kömegi bilen hasyl bolýar.
Meselem:
gören göz, görmedik göz, okalan kitap, okalmadyk kitap, bitirilen iş, bitirilmedik iş.
Bu şekiliň barlygynyň -dyk/-dik/-duk/-dük goşulma arkaly aňladylyşy türkmen dilinde köp däldir. Ol dogduk depe, ýetdik paý, islendik iş ýaly az sanly sözlerde duş gelýär. Ýöne bu şekiliň ýoklugy dilimizde öndümli ulanylýar.
Meselem:
eşidilmedik gep, geçilmedik ýol, ýetilmedik sepgit, yuwulmadyk gap-gaç, aýdylmadyk söz we ş. m.
Öten zaman ortak işlikleri atlaşyp gelende san, ýönkeme we düşüm goşulmalaryny kabul edýär:
oturan-lar, oturan-ym, oturan-yň, oturan-a, oturan-y, oturan-da, oturan-dan.
Häzirki zaman ortak işligi
Häzirki zaman ortak işligi -ýan/ ýän goşulmasy bilen ýasalyp, baglanýan sözüniň gymyldy-hereketiniň häzirki zamana degişlidigini bildirýär.
Bu ortak işliginiň ýoklugy -ma/-me goşulmasy arkaly hasyl bolýar.
Meselem:
Okayan okuwçy, okamaýan okuwçy, işleýän - adam, işlemeýän - adam.
Häzirki zaman ortak işliginiň aýyklaýan sözi galdyrylyp ulanylanda, ol at hyzmatyny ýerine ýetirýär we üýtgediji goşulmalary kabul edýär.
Meselem:
Obada ýaşaýanlaryň köpüsinde on-on bäş sany ownuk mal bardyr. Seniň diýýäniň şol oturanlaryň haýsysy?
Geljek zaman ortak işligi
Geljek zaman ortak işligi -jak/-jek, -ar/-er goşulmalary bilen ýasalýar. Bu ortak işligi baglanýan sözüniň gymyldy-hereketiniň geljek zamana degişlidigini bildirýär.
Meselem:
geljek myhman, soýuljak goýun, akar suw, güler ýüz we ş.m.
Geljek zaman ortak işligi iki hili ýol bilen ýasalýar:
-jak/-jek goşulmalary arkaly mälim geljek zaman ortak işligi ýasalýar.
-ar/-er goşulmalary arkaly nämälim geljek zaman ortak işligi ýasalýar.
Meselem:
Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar. Ederini bilmeze ýagy ne hajat. Degjek taýak gizlenip geler, degmejek taýak - gezelip.
Geljek zaman ortak işliginiň ýoklugyny ýasamak üçin -jak/-jek, -ar/-er goşulmalarynyň öňünden -ma/ -me goşulmasy goşulýar.
Meselem:
Başarmajak işiňi boýun alma. Bolar-bolmaz söze gulak gabardyp ýörmezler.
Geljek zaman ortak işliginiň –jak/-jek goşulmasynyň adaty geljek zaman işliginiň goşulmasy bilen meňzeşligi
Geljek zaman ortak işligi bilen geljek zaman işliginiň ikisi üçin-de -jak/-jek, -ar/-er goşulmalary ulanylýar. Bu goşulmalary kabul eden işlikleriň bir özüni ulananynda, olaryň ortak işlikdigini ýa-da geljek zaman işligidigini bilip bolmaýar.
Meselem:
okajak, görjek, okar, güler.
Ol sözleriň ortak işlikdigini ýa-da geljek zaman işligidigini olaryň sözlemiň niresinde haýsy agza bolup gelendigine, atlary sypatlandyrýandygyna ýa-da gutarnykly oý-pikiri aňladýandygyna garap anyklamak bolar.
Meselem:
Men okajak. Okuwçylaryň taýýarlan işlerini görjek. Çaga güler.
Bu sözlemlerde okajak, görjek, güler sözleri geljek zaman işligi bolup geldi we sözlemde habar hyzmatyny ýerine ýetirdi.
Okajak okuıvçy, akar suw, güler ýüz diýen söz düzümlerinde atlary sypatlandyryp, aýyrgyç bolup gelendikleri üçin geljek zaman ortak işligi hasaplanýar.
-jak/-jek goşulmasyny kabul eden işlikler atlaşyp gelen ýagdaýynda san, ýöňkeme we düşüm goşulmalary bilen üýtgeýär:
Meselem:
okajagym, okajagyň, okajagy, okajagymyz, okajagyňyz, okajaklar, okajaga, okajakda, okajakdan we ş.m.
Namälim geljek zaman ortak işliginiň goşulmasy (-ar/-er) bilen täze manyly sözler ýasalýar.
Meselem:
aç + ar - açar, kes + er - keser, çap + ar - çapar, gez + er - gezer, atbak + ar - atbakar, bäşat + ar - bäşatar, günebak + ar - günebakar we ş.m.
Ortak işliginiň «soň, soňra» kömekçileri bilen ulanylyşy
Belli bir ýöňkemede ulanylýan öten zaman ortak isliginiň yzyndan «soň» sözsoňy kömekçisiniň getirilmegi bilen, wagt aňladýan işlik ýasalýar. Soň sözsoňy kömekçisi öňündäki sözüň çykyş düşümde gelmegini talap edýär. Ol sözlemde, esasan, wagt eýerjeň sözleminiň habary bolup ulanylýar we haçan? diýen soraga jogap bolýar.
Meselem:
Men oba gelenimden soň, Döwlet şähere gaýtdy. Mugallym synp otagyna girenden soň, okuwçylar sapaga başladylar. Men öýe gelenimden soň, saňa jaň etdim.
Belli bir ýönkemede ulanylýan öten zaman ortak işligindäki çykyş düşümiň goşulmasy we öten zaman ortak işliginiň soňky n sesi birinji we ikinji ýöňkemelerde düşürilip ulanylýar. Şeýle ýagdaýda «soň» sözsoňy kömekçisi ortak işliklere goşulyp ýazylýar.
Meselem:
Men alanymdan soň - alanymsoň - alamsoň. Sen geleniňden soň - geleniňsoň - geleňsoň.
Ortak işlikleriň atlaşmagy
Ortak işlikleriň aýyklaýan sözi galdyrylyp ulanylanda, olar atlaşýar. Şonda olar sözlemde eýe hyzmatynda hem gelip bilýär.
Meselem:
Giden - getirer, oturan - nyrh sorar, işlemedik - dişlemez.
Bu sözlemlerdäki giden, oturan, işlemedik sözleri kim? diýen soraga jogap bolup, at hyzmatynda ulanyldy we sözlemiň eýesi bolup geldi.
Ortak işlikler sypatlandyrýan sözleriniň öňünden gelende, ýönkeme, düşüm, san goşulmalaryny kabul etmeýär. Goşulmalar aýyklanýan söze goşulýar.
Meselem:
Okan kitabym, görjek adamyň, hat ýazan dostlarym we ş.m.
Ortak işlikler atlaşyp gelende, ýöňkeme, düşüm we san goşulmalaryny kabul edýär.
Meselem:
Okajaklaryň sanawyny getiriň. Çopana kömekleşmäge gidenlerden habar geldimi?
Ortak islikleriň dürs aýdylyşy we dürs ýazylyşy
Geljek zaman ortak işliginiň ýoklugyny emele getirmek üçin -jak/-jek, -ar/-er goşulmalarynyň öňünden -ma/-me ýokluk goşulmasy goşulýar. Şonda - ar/-er goşulmasynyň r sesi z sesine öwrülýär. Ýazuwda hem öwrülişi ýaly z sesi ýazylýar.
Meselem:
alar almaz, görer - görmez we ş.m.
Ýönkemede üýtgän öten zaman ortak işliginiň yzyndan «ýok» sözi gelende (ýazanym ýok, bilenim ýok), olluk ýöňkemeden beýlekilerde zaman goşulmasynyň n sesi, ýöňkeme goşulmalarynyň y, i sesleri we «ýok» sözüniň y sesi gepleşikde düşürilýär. Ýazuwda hem bu sözler geplenişi ýaly gysgaldylyp ýazylýar.
Meselem:
Men okamok, bilemok. Biz okamzok, bilemzok. Sen okaňok, bileňok. Siz okaňzok, bileňzok. Ol okanok, bilenok. Olar okanok (lar), bilenok (lar).
Soňy a sesine gutaran işliklere -an goşulmasy goşulanda, iki a sesi birigip, uzyn aýdylýan bir a sesi ýazylýar.
Meselem:
başla + an - başlan, doka + an - dokan we ş.m.
Soňy e sesine gutaran işliklere -en gosulanda, iki e sesi birigyar we a sesi yazylyar.
Meselem:
gözle + en - gözlän, semre + en - semrän we ş.m.
Dodak çekimlili sözlerde (bol, dur, gör, söý) -an/-en goşulmasy dodaklandyrylyp, -on/-ön şekilinde aýdylsa-da (bolon, duron, görön, söýön), ýazuwda bolan, duran, gören, söýen ýaly dodaklandyrylman ýazylýar.
-dyk/-dik/-duk/-dük şekiliniň soňuna degişlilik goşulmalary goşulanda, dymyk k çekimsizi açyk g çekimsizine öwrülýär.
Meselem:
ýygdyk - ýygdygym, ýygdygyň, ýygdygy, ýygdygymyz, ýygdygyňyz.
-jak/-jek goşulmasyny kabul eden geljek zaman ortak işligi ýöňkeme we düşüm (wagt-orun düşüm we çykyş düşüm degişli däl) bilen üýtgände, k sesi açyk g sesine öwrülýär: görjegim, aljagym, görjege, aljagyň.
Mälim we nämälim geljek zaman ortak işliginiň goşulmalary ( -jak/-jek, -ar/-er) dodak çekimlili sözlerde dodaklandyrylyp ( jok/-jök, -or/-ör) aýdylýar.
Meselem:
boljok, görjök, solor, sürör we ş.m.
Ýazuwda dodaklandyrylman boljak, görjek, solar, sürer ýaly ýazylýar.
Ortak işlikleriň sintaktik hyzmaty
Ortak işlikler sözlemiň atdan bolan agzalaryna baglanyp, esasan, aýyrgyç hyzmatynda ulanylýar.
Meselem:
Agaçlardaky saralan ýapraklar düşüp başlapdy. Oýümiz, gezen ýerlerim ýadyma düşüp, ýüregim gysar öýtmändim. Maslahata gatnaşjak adamlar ýygnandy.
Ortak işlikler atlaşyp geleninde, eýe hyzmatynda ulanylýar.
Meselem:
Ýygnaga gatnaşjaklar geldi. Yhlasly i şleýänler üstünlik gazanýar.Slide 8
TEST
1. İşlikler işiň, gymyldy-hereketiň haýsy zamanda bolup geçýändigini aňladýandygyna garap,
näçe zamana bölünýär?
a) 3 sany - Häzirki zaman işligi, geljek zaman işligi, Takyk zaman işligi
b) 3 sany - Öten zaman işligi, häzirki zaman işligi, geljek zaman işligi
ç) 4 sany - Geçen zaman işligi, häzirki zaman işligi, geljek zaman işligi, öten zaman işligi
d) 2 sany - Häzirki zaman işligi, geljek zaman işligi
2. Gymyldy-hereketiň öň bolup geçendigini aňladýan işliklere näme diýilýär?
a) Häzirki zaman işligi b) Geljek zaman işligi ç) Öten zaman işligi d) Geçen zaman işligi
3. “Ýazyň gelmegi bilen meýdanda iş köpeldi .”
Aşagy çyzylan söz, işligiň haýsy zamana degişlidigini aňladýar.
a) Häzirki zaman işligi b) Geljek zaman işligi ç) Öten zaman işligi d) Geçen zaman işligi
4. Anyk öten zaman işligiň düýp işligiň yzyna haýsy goşulma goşulýar?
a) –ýar/-ýär b) –dy/-di ç) –ar/-er/-r d) –yn/-in
5. Men stansiýada, demir ýol wokzalynda otur ýar yn
meniň adym Platon, Platon Iwanowiç. (“Älem içre at gezer” romanyndan.)
a) Häzirki zaman işligi b) Geljek zaman işligi ç) Öten zaman işligi d) Geçen zaman işligi
6. okajak, öwrenjek, işlejek.
Şu sözler haýsy zaman işligine degişli.
a) Häzirki zaman işligi b) Geljek zaman işligi ç) Öten zaman işligi d) Geçen zaman işligi
7. Myhman öýümizde otyr .
Aşagy çyzylan söz, işligiň haýsy zamana degişlidigini aňladýar.
a) Häzirki zaman işligi b) Geljek zaman işligi ç) Öten zaman işligi d) Geçen zaman işligi
Berekella,
Nakyllarda ortak işlikleri tapyň.
Ýeke gezen heder eder.
Il bilen gelen - toýda baýram.
Il söýeni älem söyer.
Ýykylan tamy bir kerpiç daýamaz.
Kömekleşen ýow gaýtarar.
Maslahatly biçilen don gysga bolmaz.
Müsürde şa bolandan , öz ilinde gedaý bol.
Özüne ýakmajak işi ile etme.
Sürüden aýrylan goýny gurt iýer.
Ýurda döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler.
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar.
gezen
gelen
söýeni
Ýykylan
Kömekleşen
biçilen
bolandan
ýakmajak
aýrylan
ozan
aýrylan
aýrylan
Ortak islikleriň barlyk we ýokluk şekilini görkeziň.
1. Işlemedik - dişlemez.
2. Öz borjuny öküner, dili gysgadyr, sakynar.
3. Saýany salkynda ýatmaz.
4. Düýnki işlerimi bu gün etdim.
5. işleriňi boýun almazlyk gowudyr.
6. goňşyňa unutgysyz söz aýtma.
7. Il bilen barmak awamaz.
8. Ýeke ýeke kesek.
9. işe çäre ýok.
10. göze çöp düşer.
11. il ozar, il tozar.
Işlemedik
ödemedik
ekmedik
ýetişmedik
Başarmajak
Aýrylmaz
kesilen
çykana
Boljak
Goralan
Okan okamadyk
Matallary okaň. Nämälim geljek zaman işliklerini tapyň we onuň barlyk hem ýokluk görnüşlerini anyklaň.
Matallar
Kölegesiz gol Uçanda
Dabarasyz dag Gonanda belli. Düşelgelerde Seçmeden köpräk, Gonalgalarda Sanatmaz özi.
(Ýel) (Ýagyş)
Jany-da ýok, dili-de, Sessiz
Sorasaň habar Duýdansyz
(Telefon) (Gapan)
Bir dostum bar, Daglara
(Ümür)
görünmez ,
aşar
aşar
düşmez ,
gonmaz.
berer.
ýatar,
tutar.
geler-gider.
Matallardan geljek zaman ortak işliginiň ýoklugyny tapyň. Olardaky ses üýtgeşmelerini düşündiriň.
Eken agajym egilmez, Egilse-de, döwülmez. Eger üstüne gar ýagsa, Gün çyksa-da eremez.
(Agaran saç)
Gökje kürräm gitse gelmez.
(Tüsse)
Sary sygyr agynan ýerde ot bitmez.
(Ot)
Uçanda görünmez, Gonanda belli. Seçmeden köpräk, Sanatmaz özi.
(Ýagyş)
Öten zaman işligi
MÄLIM GELJEK ZAMAN IŞLIGI
oturýaryn
okajak
otyr
ýör
okar
geler
Zaman işliklerini gowy öwreneliň!
HÄZIRKI ZAMAN IŞLIGI
dogdy
Şu sözler haýsy zaman işliklerine degişli
DÖWAMLY ÖTEN ZAMAN IŞLIGI
ANYK HÄZIRKI ZAMAN IŞLIGI
NÄMÄLIM GELJEK ZAMAN IŞLIGI
NÄMÄLIM GELJEK ZAMAN IŞLIGI
Gyz näme edýär?
Gyzjagaz ýüp bökýär.
Gyz näme edýär?
Gyzjagaz aglaýar.
Towşan näme edýär?
Towşan käşir iýýär.
Gyz näme edýär?
Güjüjek üýrýär.
Güjük näme edýär?
Sazanda saz çalýar.
Sazanda näme edýär?
Gyzjagaz gurjak oýnaýar.
Magtymgulynyň goşgularyndan alnan setirlerden öten zaman ortak işliklerini tapyň.
1. Söz manysyn adam.
2. Ýerden jogap habar tutmaga,
3. barmy, bular gelmedi.
4. otly Leýli bolup galyp men.
5. Torgaýça ýok, güli bolmasa.
6. Sözüň aňlamazyň ýanynda.
7. Ýatyp ýagşy düýşüne degmez.
8. Hoşluk bilen gyşyna degmez.
9. geçdi, gelejege ýurt goýdy.
10. Melul bolar myradyna
bilmez
çykmaz
Gören-bilen
Ýanar
gonar
geçmez
gören
geçen
Gelen
ýetmedik.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Siz, gadyrly çagalar, ajaýyp mekdepleriň gapysyndan Watana, il - güne wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller bolup çykmalysyňyz.