СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Презентации туркменский языка для 5 класса

Нажмите, чтобы узнать подробности

Презентации туркменский языка для 5 класса

Просмотр содержимого документа
«Презентации туркменский языка для 5 класса»

 Daşoguz şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary:  1.Şamyradowa Orazbibi  2.Merdanowa Parahat  3.Babaýewa Dursunjemal

Daşoguz şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary:

1.Şamyradowa Orazbibi

2.Merdanowa Parahat

3.Babaýewa Dursunjemal

Söz toparlary Çalyşmalar Atlar  Türkmen dili  5-nji synp Sanlar Sypatlar

Söz toparlary

Çalyşmalar

Atlar

Türkmen dili

5-nji synp

Sanlar

Sypatlar

 Salam, mekdep! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “ Binýat berk bolanda, bina baky bolýar. Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz, başyny başlan giň gerimli işlerimiz beýik bir bina bolsa, ylym onuň müdimi mizemez binýady bolmalydyr”

Salam, mekdep!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:

“ Binýat berk bolanda, bina baky bolýar. Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz, başyny başlan giň gerimli işlerimiz beýik bir bina bolsa, ylym onuň müdimi mizemez binýady bolmalydyr”

Atlar Özbaşdak manyly, san, şahs we düşümlerde üýtgeýän, kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözlere atlar diýilýär. Meselem: Kim? Ata, lukman, Magtymguly Pyragy Näme? agaç, köýnek, ýol, el Nire? Aşgabat, Garagum, Daşoguz

Atlar

Özbaşdak manyly, san, şahs we düşümlerde üýtgeýän, kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözlere atlar diýilýär. Meselem:

Kim? Ata, lukman, Magtymguly Pyragy

Näme? agaç, köýnek, ýol, el

Nire? Aşgabat, Garagum, Daşoguz

Kim? Näme? Nire?

Kim?

Näme?

Nire?

 Has atlar we jyns atlar Türkmen dilinde atlar iki topara bölünýärler: has atlar we jyns atlar. Has atlar  adamlara we zatlara ýörite berilýän atlar bolup, olar şol adamy ýa-da zady beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin berilýär. Meselem: Aman, Maral (adam atlary), Daşoguz,Balkan (welaýat atlary), Zöhre, ýedigen (ýyldyzyň atlary)... Jyns atlar bir jynsdaky atlaryň umumy jemleýji adydyr. Meselem: oglan, adam, haýwan, mekdep, köl...

Has atlar we jyns atlar

Türkmen dilinde atlar iki topara bölünýärler: has atlar we jyns atlar.

Has atlar adamlara we zatlara ýörite berilýän atlar bolup, olar şol adamy ýa-da zady beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin berilýär.

Meselem: Aman, Maral (adam atlary), Daşoguz,Balkan (welaýat atlary), Zöhre, ýedigen (ýyldyzyň atlary)...

Jyns atlar bir jynsdaky atlaryň umumy jemleýji adydyr.

Meselem: oglan, adam, haýwan, mekdep, köl...

 Atlary ýerli-ýerinde goýuň  Has atlar Jyns atlar  Ata  deňiz Zöhre Mary ot adam

Atlary ýerli-ýerinde goýuň

Has atlar

Jyns atlar

Ata

deňiz

Zöhre

Mary

ot

adam

 Atlaryň gurluş aýratynlyklary  Atlar gurluşlaryna görä iki uly toparlara bölünýärler:  1.Asyl atlar.  2.Ýasama atlar.  Haýsy-da bolsa bir sözden ýasalandygyny bildirmeýän, böleklere bölüp bolmaýan atlara asyl atlar  diýilýär. Meselem: göz, el, aýak, ýol, ýer, suw, ýap, ýel... Eger-de atlaryň goşulmalaryň, sözleriň goşulmagynyň, gysgalmagynyň, tirkeşmeginiň netijesinde emele gelendigini bildirýän bolsa, onda olara ýasama atlar diýilýär.

Atlaryň gurluş aýratynlyklary

Atlar gurluşlaryna görä iki uly toparlara bölünýärler:

1.Asyl atlar.

2.Ýasama atlar.

Haýsy-da bolsa bir sözden ýasalandygyny bildirmeýän, böleklere bölüp bolmaýan atlara asyl atlar diýilýär.

Meselem: göz, el, aýak, ýol, ýer, suw, ýap, ýel...

Eger-de atlaryň goşulmalaryň, sözleriň goşulmagynyň, gysgalmagynyň, tirkeşmeginiň netijesinde emele gelendigini bildirýän bolsa, onda olara ýasama atlar diýilýär.

 Meselem: obadaş, ellik, beýannama, okalga, işçi, saýlaw, orak...ýaly atlar söz ýasaýjy goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýarlar.  Sözleriň goşulmagy arkaly mekgejöwen, atgulak, gülýaka, otluçöp, Gökdepe ýaly ýüzlerçe atlar emele gelip biler.  Dilde atlaryň gysgalan görnüşi-de ulanylýar. Olar seslerden, harplardan, söz böleklerinden emele gelýärler. Meselem: BMG(Birleşen Milletler Guramasy) Tirkeş atlar iki sözüň çyzyjak arkaly baglanyşan we täze many aňladýan görnüşini emele getirýärler. Meselem: deň-duş, bag-bakja, duz-çörek...

Meselem: obadaş, ellik, beýannama, okalga, işçi, saýlaw, orak...ýaly atlar söz ýasaýjy goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýarlar.

Sözleriň goşulmagy arkaly mekgejöwen, atgulak, gülýaka, otluçöp, Gökdepe ýaly ýüzlerçe atlar emele gelip biler.

Dilde atlaryň gysgalan görnüşi-de ulanylýar.

Olar seslerden, harplardan, söz böleklerinden emele gelýärler.

Meselem: BMG(Birleşen Milletler Guramasy)

Tirkeş atlar iki sözüň çyzyjak arkaly baglanyşan we täze many aňladýan görnüşini emele getirýärler.

Meselem: deň-duş, bag-bakja, duz-çörek...

Degişli goşulmalary we atlary tapyň hana Oba daş gül kitap ýaka

Degişli goşulmalary we atlary tapyň

hana

Oba

daş

gül

kitap

ýaka

 Atlardan atlaryň ýasalyşy -dar -algydar, bergidar, maldar... -daş,-deş - obadaş, pikirdeş, atdaş... - lyk,-lik,-luk,-lük -miraplyk, ellik, sözlük, dostluk -ly,-li - bu goşulma köplenç adam atlaryny ýasamaga-da kömek edýär. Meselem: Begli, Gully, Meňli, Hally... -nama -beýannama, meýilnama, maksatnama... -hana -dermanhana, kitaphana... -çy,-çi -işçi, okuwçy, halyçy... -çylyk,-çilik - üzümçilik, pagtaçylyk...

Atlardan atlaryň ýasalyşy

-dar -algydar, bergidar, maldar...

-daş,-deş - obadaş, pikirdeş, atdaş...

- lyk,-lik,-luk,-lük -miraplyk, ellik, sözlük, dostluk

-ly,-li - bu goşulma köplenç adam atlaryny ýasamaga-da kömek edýär.

Meselem: Begli, Gully, Meňli, Hally...

-nama -beýannama, meýilnama, maksatnama...

-hana -dermanhana, kitaphana...

-çy,-çi -işçi, okuwçy, halyçy...

-çylyk,-çilik - üzümçilik, pagtaçylyk...

Işliklerden atlaryň ýasalyşy Işlikler gymyldy-hereketi aňladýan söz toparydyr. -alga,-elge- duralga, geçelge, girelge... -ak,-ek,-k -orak, düşek, gapak... -ç -begenç, guwanç, gazanç... -w -aýlaw, saýlaw,derňew... -g -synag, barlag, sorag... -gy,gi -algy,bergi, sergi... -gyn,gin,gun,-gün -joşgun,düzgün, gowuşgyn... -ym,-im, um, üm -basym, geýim, bölüm, goýum -yn,-in-un,-ün -bogun, ekin, ýagyn,dökün... -y,-i -tuty, dyky, öri, guýy... -yş,-iş,-uş,-üş - ýagyş, basyş, ösüş, uruş...

Işliklerden atlaryň ýasalyşy

Işlikler gymyldy-hereketi aňladýan söz toparydyr.

-alga,-elge- duralga, geçelge, girelge...

-ak,-ek,-k -orak, düşek, gapak...

-begenç, guwanç, gazanç...

-w -aýlaw, saýlaw,derňew...

-g -synag, barlag, sorag...

-gy,gi -algy,bergi, sergi...

-gyn,gin,gun,-gün -joşgun,düzgün, gowuşgyn...

-ym,-im, um, üm -basym, geýim, bölüm, goýum

-yn,-in-un,-ün -bogun, ekin, ýagyn,dökün...

-y,-i -tuty, dyky, öri, guýy...

-yş,-iş,-uş,-üş - ýagyş, basyş, ösüş, uruş...

 Sypatlardan atlaryň ýasalyşy -lyk,-lik, - aklyk, ýagşylyk, gowulyk, kiçilik... -çylyk,-çilik,-çulyk,-çülik -gytçylyk, göripçilik, bolçulyk, gökçülik...  Sanlardan we çalyşmalardan atlar ýasalanda , esasan –lyk,-lik,-luk, -lük goşulmalary ulanylýar. Meselem:  birlik,ikilik, ýüzlük,üçlük, menlik, senlik, olluk, bizlik... 1 2 100 3

Sypatlardan atlaryň ýasalyşy

-lyk,-lik, - aklyk, ýagşylyk, gowulyk, kiçilik...

-çylyk,-çilik,-çulyk,-çülik -gytçylyk, göripçilik, bolçulyk, gökçülik...

Sanlardan we çalyşmalardan atlar ýasalanda , esasan –lyk,-lik,-luk, -lük goşulmalary ulanylýar.

Meselem: birlik,ikilik, ýüzlük,üçlük, menlik, senlik, olluk, bizlik...

1

2

100

3

Atlaryň grammatik aýratynlyklary  Leksik many diýlende sözüň özbaşdak ýa-da beýleki sözler bilen baglylykda aňladýan manysyna düşünilýär. Mysal üçin, atlar zatlary, düşünjeleri, wakalary we ş.m. Atlandyrýar. Meselem:  adam,dag,deňiz, göwün, söýgi,pikir... Grammatik many diýlende sözüň her bir söz toparyna degişli aýratynlykda şekillenişine düşünilýär. Mysal üçin, atlara söýgülik, san degişlilik, düşüm goşulmalaryny, sypatlar dereje goşulmalaryny, işlikjler zaman, ýöňkeme goşulmalaryny kabul edýärler.

Atlaryň grammatik aýratynlyklary

Leksik many diýlende sözüň özbaşdak ýa-da beýleki sözler bilen baglylykda aňladýan manysyna düşünilýär. Mysal üçin, atlar zatlary, düşünjeleri, wakalary we ş.m. Atlandyrýar.

Meselem: adam,dag,deňiz, göwün, söýgi,pikir...

Grammatik many diýlende sözüň her bir söz toparyna degişli aýratynlykda şekillenişine düşünilýär. Mysal üçin, atlara söýgülik, san degişlilik, düşüm goşulmalaryny, sypatlar dereje goşulmalaryny, işlikjler zaman, ýöňkeme goşulmalaryny kabul edýärler.

Atlarda söýgüligiň aňladylyşy  Atlaryň soňuna goşulýan –jak,-jek,-jyk,-jik, jagaz goşulmalary goşulan adynyň eýjejikligini, kiçijik enaýyjadygyny bildirýärler we şekil ýasaýjy goşulma hasaplanylýar. -jak,-jek,-jyk,-jik  goşulmalary goşulan atlar inçelik-ýogynlyk sazlaşygyna boýun egýärler. Meselem: balyjak gölejik

Atlarda söýgüligiň aňladylyşy

Atlaryň soňuna goşulýan –jak,-jek,-jyk,-jik, jagaz goşulmalary goşulan adynyň eýjejikligini, kiçijik enaýyjadygyny bildirýärler we şekil ýasaýjy goşulma hasaplanylýar.

-jak,-jek,-jyk,-jik goşulmalary goşulan atlar inçelik-ýogynlyk sazlaşygyna boýun egýärler.

Meselem: balyjak

gölejik

-jak, jek,-jyk, -jik goşulmalary soňy k  çekimsizi bilen gutaran atlara goşulanda, ol sözleriň soňky k sesi düşürilip geplenýär we şeýle ýazylýar.  Meselem:  kömelek- kömelejik -jagaz goşulmasy düzüminde ýogyn çekimlili ses bolmagyna garamazdan, hemme sözlere şol durşuna goşulýar. Meselem: Gyzjagaz guşjagaz

-jak, jek,-jyk, -jik goşulmalary soňy k çekimsizi bilen gutaran atlara goşulanda, ol sözleriň soňky k sesi düşürilip geplenýär we şeýle ýazylýar.

Meselem: kömelek- kömelejik

-jagaz goşulmasy düzüminde ýogyn çekimlili ses bolmagyna garamazdan, hemme sözlere şol durşuna goşulýar.

Meselem: Gyzjagaz

guşjagaz

 Atlarda köplügiň aňladylyşy  Atlaryň birligini aňlatmak üçin goşulmalar ýokdur. Ýöne atlaryň birnäçesi täklik şekilinde bolýarlar. Mysal üçin: Gün, Aý,Taňry ýaly sözler täk atlardyr. -lar,-ler goşulmasy goşulan sözüniň köplük sandadygyny aňladýar. Meselem: oglan-lar, depder-ler, dag-lar... -lar,-ler goşulmasy guzy, süri, guýy, goşgy, goňşy ýaly birinji bognunda dodak çekimlisi bolan, soňy dar çekimli y,i seslerine gutaran atlara goşulanda, atlaryň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar. Meselem: sürüler, guzular, goşgular...

Atlarda köplügiň aňladylyşy

Atlaryň birligini aňlatmak üçin goşulmalar ýokdur. Ýöne atlaryň birnäçesi täklik şekilinde bolýarlar.

Mysal üçin: Gün, Aý,Taňry ýaly sözler täk atlardyr.

-lar,-ler goşulmasy goşulan sözüniň köplük sandadygyny aňladýar.

Meselem: oglan-lar, depder-ler, dag-lar...

-lar,-ler goşulmasy guzy, süri, guýy, goşgy, goňşy ýaly birinji bognunda dodak çekimlisi bolan, soňy dar çekimli y,i seslerine gutaran atlara goşulanda, atlaryň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.

Meselem: sürüler, guzular, goşgular...

Atlarda degişliligiň (ýöňkemeleriň )aňladylyşy  Şahs  Degişlilik goşulmalary Çekimsize gutarýan söz Birlik san  I Çekimlä gutarýan söz Köplük san -ym/ -im  -ymyz/-imiz Birlik san  -um/-üm -m  -umuz/-ümüz  Köplük san  II   -myz/-miz       -yň/-iň       uň/-üň -yňyz/-iňiz  -ň  III  -uňuz/-üňüz     -ňyz/-ňiz        -y/-i   -y/-i  -sy/-si -sy/-si

Atlarda degişliligiň (ýöňkemeleriň )aňladylyşy

Şahs

Degişlilik goşulmalary

Çekimsize gutarýan söz

Birlik san

I

Çekimlä gutarýan söz

Köplük san

-ym/ -im

-ymyz/-imiz

Birlik san

-um/-üm

-m

-umuz/-ümüz

Köplük san

II

-myz/-miz

-yň/-iň

uň/-üň

-yňyz/-iňiz

III

-uňuz/-üňüz

-ňyz/-ňiz

-y/-i

-y/-i

-sy/-si

-sy/-si

 Atlaryň düşüm bilen üýtegeýşi  Düşüm goşulmalary Düşümler Soňy çekimlä gutarýan düýp sözler üçin Baş d.  - Soňy çekimsiz ses bilen gutaran düýp sözler üçin Eýelik d. Soňunda III şahs goşulmasy bolan sözler üçin   - -nyň/-niň, -yň/-iň, -y,-i /-sy,-si -nuň/-nüň    Ýöneliş d. Uň/-üň -a/-ä   -nyň/-niň Ýeňiş d.  -a/-e    -na/-ne -ny/-ni -y/-i   Wagt-orun d -da/-de  -ny/-ni    -da/-de   -nda/-nde  Çykyş d.   -dan/-den -dan/-den  -ndan/-nden

Atlaryň düşüm bilen üýtegeýşi

Düşüm goşulmalary

Düşümler

Soňy çekimlä gutarýan düýp sözler üçin

Baş d.

-

Soňy çekimsiz ses bilen gutaran düýp sözler üçin

Eýelik d.

Soňunda III şahs goşulmasy bolan sözler üçin

-

-nyň/-niň,

-yň/-iň,

-y,-i /-sy,-si

-nuň/-nüň

Ýöneliş d.

Uň/-üň

-a/-ä

-nyň/-niň

Ýeňiş d.

-a/-e

-na/-ne

-ny/-ni

-y/-i

Wagt-orun d

-da/-de

-ny/-ni

-da/-de

-nda/-nde

Çykyş d.

-dan/-den

-dan/-den

-ndan/-nden

Baş düşüm  Baş düşüm kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýar. Kim?  Berdi,Jahan, Mätäji, mugallym,lukman Näme? at, goýun, ýorunja, söýgi Nire? Daşoguz, Gökdepe, ileri, ýokary Atlar köplük san -lar,-ler goşulmasyny kabul eden bolsa kimler?, nämeler? Diýen soragy berip bolar. Eger atlar degişlilik goşulmalaryny kabul eden bolsalar, onda kimim?, kimiň?, nämäm?, nämesi?, kimimiz?, kimiňiz?, nämämiz?,nämäňiz?  diýen soragy berip bolar. Meselem: ejem, depderiň, galamym...

Baş düşüm

Baş düşüm kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýar.

Kim? Berdi,Jahan, Mätäji, mugallym,lukman

Näme? at, goýun, ýorunja, söýgi

Nire? Daşoguz, Gökdepe, ileri, ýokary

Atlar köplük san -lar,-ler goşulmasyny kabul eden bolsa kimler?, nämeler? Diýen soragy berip bolar. Eger atlar degişlilik goşulmalaryny kabul eden bolsalar, onda kimim?, kimiň?, nämäm?, nämesi?, kimimiz?, kimiňiz?, nämämiz?,nämäňiz? diýen soragy berip bolar.

Meselem: ejem, depderiň, galamym...

Eýelik düşüm  Eýelik düşüm özünden soň gelen sözüň kime ýa-da nämä degişlidigini bildirýär we kimiň?, nämäniň?, niräniň? diýen soraglara jogap bolýar. Meselem: Gözeliň depderi, tilkiniň guýrugy

Eýelik düşüm

Eýelik düşüm özünden soň gelen sözüň kime ýa-da nämä degişlidigini bildirýär we kimiň?, nämäniň?, niräniň? diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem: Gözeliň depderi,

tilkiniň guýrugy

Ýöneliş düşüm  Ýöneliş düşüm gymyldy-hereketiň kime, nämä, nirä ugrukdyrylýandygyny, gönükdirilendigini, kim üçin, näme üçin edilendigini aňladýar. Ýöneliş düşüm kime?,nämä?, nirä? diýen soraglara jogap bolýar we hereketiň gönügen tarapyny görkezýär. Ýöneliş düşüm aňladýan manysyna görä: 1.Hereketiň ugruny görkezýär:şähere gitmek 2.Hereketiň maksadyny görkezýär: bäsleşige gatnaşmak 3.Hereketiň kim üçin edilenini bildirýär: Sowgady Marala almak (kime, kim üçin?). Ýöneliş düşüm sözlemde işlige baglanyp, doldurguç bolup hyzmat edýär. Meselem: Merjen Myrada ýüzlendi.

Ýöneliş düşüm

Ýöneliş düşüm gymyldy-hereketiň kime, nämä, nirä ugrukdyrylýandygyny, gönükdirilendigini, kim üçin, näme üçin edilendigini aňladýar.

Ýöneliş düşüm kime?,nämä?, nirä? diýen soraglara jogap bolýar we hereketiň gönügen tarapyny görkezýär.

Ýöneliş düşüm aňladýan manysyna görä:

1.Hereketiň ugruny görkezýär:şähere gitmek

2.Hereketiň maksadyny görkezýär: bäsleşige gatnaşmak

3.Hereketiň kim üçin edilenini bildirýär: Sowgady Marala almak (kime, kim üçin?).

Ýöneliş düşüm sözlemde işlige baglanyp, doldurguç bolup hyzmat edýär. Meselem: Merjen Myrada ýüzlendi.

Ýeňiş düşüm  Ýeňiş düşüm kimi?, nämäni?, niräni? diýen soraglara jogap bolýar. Meselem: Gözeli, pagtany, obany, şäheri... Ýeňiş düşümdäki at sözlemde işlikden bolan agza baglanyp, doldurgyç bolup hyzmat edýär. Meselem: Myrat şäheri synlady.  Soňy –e sesine gutaran ene, Bike, küme ýaly sözler ýeňiş düşümiň goşulmasyny kabul edende, sözüň soňundaky e sesi ä sesine öwrülýär. Meselem: en e -en ä ni, Bik e -Bik ä ni, küm e -küm ä ni.

Ýeňiş düşüm

Ýeňiş düşüm kimi?, nämäni?, niräni? diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem: Gözeli, pagtany, obany, şäheri...

Ýeňiş düşümdäki at sözlemde işlikden bolan agza baglanyp, doldurgyç bolup hyzmat edýär.

Meselem: Myrat şäheri synlady.

Soňy –e sesine gutaran ene, Bike, küme ýaly sözler ýeňiş düşümiň goşulmasyny kabul edende, sözüň soňundaky e sesi ä sesine öwrülýär.

Meselem: en e -en ä ni, Bik e -Bik ä ni, küm e -küm ä ni.

Wagt-orun düşüm  Wagt-orun düşüm kimde?, nämede?, nirede? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: şäherde, kitapda, Myratda... Wagt-orun düşümiň –da,-de goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar. Meselem: Gurbanda, köçede, kölde... III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar –nda,-nde goşulmasyny kabul edýärler. Meselem: Onuň jaý+y+nda, onuň ýüz+ü+nde... I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler. Meselem: Meniň kitaby mda , seniň depder iňde ...

Wagt-orun düşüm

Wagt-orun düşüm kimde?, nämede?, nirede? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: şäherde, kitapda, Myratda...

Wagt-orun düşümiň –da,-de goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar.

Meselem: Gurbanda, köçede, kölde...

III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar –nda,-nde goşulmasyny kabul edýärler.

Meselem: Onuň jaý+y+nda, onuň ýüz+ü+nde...

I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler.

Meselem: Meniň kitaby mda , seniň depder iňde ...

 Sözlemde wagt-orun düşümdäki at aşakdaky manylarda ulanylýar: 1.Gymyldy-hereketiň ornuny görkezýär. Meselem: Bu waka çölde boldy. Maral Maryda ýaşaýar. 2.Zadyň duran ýerini, ornuny görkezýär. Meselem: Dükanda hojalyga gerekli zatlar bar. Wagt aňladýan atlara goşulanda gymyldynyň wagtyny görkezýär. Meselem: Daýhanlar hasyly güýzde ýygnaýarlar. Wagt-orun düşümdäki söz sözlemde doldurgyç bolup, işlige baglanýar. Meselem: Ýygnak sagat üçde başlanýar.

Sözlemde wagt-orun düşümdäki at aşakdaky manylarda ulanylýar:

1.Gymyldy-hereketiň ornuny görkezýär.

Meselem: Bu waka çölde boldy. Maral Maryda ýaşaýar.

2.Zadyň duran ýerini, ornuny görkezýär.

Meselem: Dükanda hojalyga gerekli zatlar bar.

Wagt aňladýan atlara goşulanda gymyldynyň wagtyny görkezýär.

Meselem: Daýhanlar hasyly güýzde ýygnaýarlar.

Wagt-orun düşümdäki söz sözlemde doldurgyç bolup, işlige baglanýar.

Meselem: Ýygnak sagat üçde başlanýar.

Çykyş düşüm  Çykyş düşüm kimden?, nämeden? nireden? diýen soraglara jogap bolýar. Meselem: pagtadan, köçeden…  Çykyş düşümiň –dan,-den goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar. Meselem: obadan, mellekden, dostumdan... III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlara –ndan, -nden goşulmasy goşulýar. Meselem: Onuň oba+sy+ndan I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler. Meselem: Meniň oba+m+dan, seniň dost+uň+dan...

Çykyş düşüm

Çykyş düşüm kimden?, nämeden? nireden? diýen soraglara jogap bolýar. Meselem: pagtadan, köçeden…

Çykyş düşümiň –dan,-den goşulmasy soňy çekimli we çekimsiz seslere gutaran atlara goşulýar.

Meselem: obadan, mellekden, dostumdan...

III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlara –ndan,

-nden goşulmasy goşulýar. Meselem: Onuň oba+sy+ndan

I-II şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimsiz sese gutaran atlar ýaly üýtgeýärler.

Meselem: Meniň oba+m+dan, seniň dost+uň+dan...

 Sözlemde çykyş düşümdäki at aşakdaky amanylarda ulanylýar: 1.Gymyldy-hereketiň başlanýan ýerini aňladýar. Meselem: Aman mellekden gelýärdi. 2.Zadyň nämeden edilendigini aňladýar. Meselem: Tutar tut agajyndan ýasalypdyr. 3.Gymyldy-hereketiň ýüze çykmegyna sebäp bolan zady aňladýar. Meselem: Çaga tüweleýden gorkdy. Durdy Gözelden öýkeledi. 4.Habaryň we ş.m zatlaryň kimden eşidilendigini aňladýar. Meselem: Bu goşgyny öň dostumdan eşitdim. Çykyş düşümdäki söz işlige baglanyp, sözlemde doldurgyç bolup hyzmat edýär.

Sözlemde çykyş düşümdäki at aşakdaky amanylarda ulanylýar:

1.Gymyldy-hereketiň başlanýan ýerini aňladýar.

Meselem: Aman mellekden gelýärdi.

2.Zadyň nämeden edilendigini aňladýar.

Meselem: Tutar tut agajyndan ýasalypdyr.

3.Gymyldy-hereketiň ýüze çykmegyna sebäp bolan zady aňladýar.

Meselem: Çaga tüweleýden gorkdy. Durdy Gözelden öýkeledi.

4.Habaryň we ş.m zatlaryň kimden eşidilendigini aňladýar.

Meselem: Bu goşgyny öň dostumdan eşitdim.

Çykyş düşümdäki söz işlige baglanyp, sözlemde doldurgyç bolup hyzmat edýär.

Guzy sözüni düşümlerde üýtgediň Baş düşüm Eýelik düşüm guzy guzynyň Ýöneliş düşüm Ýeňiş düşüm guza guzyny Çykyş düşüm Wagt-orun düşüm guzudan guzuda

Guzy sözüni düşümlerde üýtgediň

Baş düşüm

Eýelik düşüm

guzy

guzynyň

Ýöneliş düşüm

Ýeňiş düşüm

guza

guzyny

Çykyş düşüm

Wagt-orun düşüm

guzudan

guzuda

 Atlaryň sözlemdäki hyzmaty  Atlar sözlem bilen, sözlem agzalary bilen baglanyşykly hemme hyzmaty ýerine ýetirýärler. Atlar we atlaşan sözler sözlemde eýe, habar, atlara baglanyp aýyrgyç, işliklere baglanyp doldurgyç bolup bilýärler.  Baş düşümdäki asyl we ýasama atlar, köplük san -lar,-ler goşulmasyny, degişlilik goşulmalarynyň birlik we köplük şekillerini kabul eden atlar, atlaşan sözler sözlemde baş agza-eýe bolýarlar.  Meselem:  Daýhanlar ekine başladylar. Meniň doganym tikin tikýär. Giden getirer, oturan nyrh sorar.  Atlar sözlemiň habary bolup bilýärler. Meselem: Meniň doganym mugallym.  Atlar sözlemde aýyrgyç, doldurgyç hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler. Meselem:  Agajyň ýapraklary saralypdyr. Mugallym Meretden öý işini sorady.

Atlaryň sözlemdäki hyzmaty

Atlar sözlem bilen, sözlem agzalary bilen baglanyşykly hemme hyzmaty ýerine ýetirýärler.

Atlar we atlaşan sözler sözlemde eýe, habar, atlara baglanyp aýyrgyç, işliklere baglanyp doldurgyç bolup bilýärler.

Baş düşümdäki asyl we ýasama atlar, köplük san

-lar,-ler goşulmasyny, degişlilik goşulmalarynyň birlik we köplük şekillerini kabul eden atlar, atlaşan sözler sözlemde baş agza-eýe bolýarlar.

Meselem: Daýhanlar ekine başladylar. Meniň doganym tikin tikýär. Giden getirer, oturan nyrh sorar.

Atlar sözlemiň habary bolup bilýärler. Meselem: Meniň doganym mugallym.

Atlar sözlemde aýyrgyç, doldurgyç hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler.

Meselem: Agajyň ýapraklary saralypdyr. Mugallym Meretden öý işini sorady.

Sypatlar  Türkmen dilinde zatlary, düşünjeleri reňki, tagamy, göwrümi, gylyk-häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlandyrmak, aýratynlygyny görkezmek üçin ulanylýan sözlere s y p a t l a r diýilýär.  Sypatlar özüniň aýyklaýan sözünden öň gelip, nähili?, neneňsi?, haýsy? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Ýaz geldi we sähra gök otlara bürendi. Paýtagtymyzda beýik-beýik ymaratlar gurulýar.

Sypatlar

Türkmen dilinde zatlary, düşünjeleri reňki, tagamy, göwrümi, gylyk-häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlandyrmak, aýratynlygyny görkezmek üçin ulanylýan sözlere s y p a t l a r diýilýär.

Sypatlar özüniň aýyklaýan sözünden öň gelip, nähili?, neneňsi?, haýsy? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Ýaz geldi we sähra gök otlara bürendi.

Paýtagtymyzda beýik-beýik ymaratlar gurulýar.

 Türkmen dilindäki asyl we ýasama sypatlar öz aňladýan manylaryna görä birnäçe toparlara bölünýärler. Olar Reňk - ak, gök, sary, ýaşyl... Hil-ýagdaý - gowy, oňat, dury, arzan, arassa... Tagam - süýji, ajy, şor, turşy... Göwrüm-mukdar - uly, kiçi, pes, galyň... Orun-tarap-ugur - ilerki, gaýraky, şäherli... Wagt - ertirki, düýnki, güýzlük, agşamlyk... Barlyk -otluk, gurply, erkinlik... Ýokluk -duzsuz, bimaza, nädogry... Syna ýetmezçiligi - ker, kör, agsak, çaşy...

Türkmen dilindäki asyl we ýasama sypatlar öz aňladýan manylaryna görä birnäçe toparlara bölünýärler. Olar

Reňk - ak, gök, sary, ýaşyl...

Hil-ýagdaý - gowy, oňat, dury, arzan, arassa...

Tagam - süýji, ajy, şor, turşy...

Göwrüm-mukdar - uly, kiçi, pes, galyň...

Orun-tarap-ugur - ilerki, gaýraky, şäherli...

Wagt - ertirki, düýnki, güýzlük, agşamlyk...

Barlyk -otluk, gurply, erkinlik...

Ýokluk -duzsuz, bimaza, nädogry...

Syna ýetmezçiligi - ker, kör, agsak, çaşy...

Nokatlaryň ýerine degişli sözleri  ýazyň. Beýik, uly, obaly. 1. Mekdebimiziň ... naharhanasy bar. 2.... dagyň depesi dumanlap görünýärdi. 3. ...oglan çopanyň gürrüňine düşündi.

Nokatlaryň ýerine degişli sözleri

ýazyň.

Beýik, uly, obaly.

1. Mekdebimiziň ... naharhanasy bar.

2.... dagyň depesi dumanlap görünýärdi.

3. ...oglan çopanyň gürrüňine düşündi.

Hil we otnositel sypatlar  Hil sypatlar, esasan beýleki söz toparlaryndan ýasalmadyk asyl sypatlardyr. Olar reňk görkezýän, tagam bildirýän, göwrüm-möçber görkezýän, hil-ýagdaý aňladýan sözlerden ybaratdyr.  Hil sypatlary beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar. Otnositel sypatlar , köplenç, atlardan her hili söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalýarlar.  Bu sypatlara ugur-tarap, orun görkezýän, barlyk, wagt, ýokluk bildirýän sypatlar degişlidir.

Hil we otnositel sypatlar

Hil sypatlar, esasan beýleki söz toparlaryndan ýasalmadyk asyl sypatlardyr. Olar reňk görkezýän, tagam bildirýän, göwrüm-möçber görkezýän, hil-ýagdaý aňladýan sözlerden ybaratdyr.

Hil sypatlary beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar.

Otnositel sypatlar , köplenç, atlardan her hili söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalýarlar.

Bu sypatlara ugur-tarap, orun görkezýän, barlyk, wagt, ýokluk bildirýän sypatlar degişlidir.

Sypat derejeleri Sypat derejeleri 4 sany: 1.Düýp dereje  Hiç hili ýasaýjy goşulmasy ýok. Meselem: ak, gök, giň, beýik, owadan. 2.Sypatyň kemlik derejesi  -rak,-räk,-ymtyl,-imtil,-umtul,-ümtil, -mytyl,-mtil,-ymtyk,-imtik,-umtyk,-ümtük,-mtyk,-mtik,-gylt,-gilt goşulmalary bilen ýasalýar. -rak,-räk goşulmasy soňy y,i dar çekimlilerine Gutaran dodak çekimlili sypatlara goşulanda, sözüň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.

Sypat derejeleri

Sypat derejeleri 4 sany:

1.Düýp dereje

Hiç hili ýasaýjy goşulmasy ýok. Meselem: ak, gök, giň, beýik, owadan.

2.Sypatyň kemlik derejesi

-rak,-räk,-ymtyl,-imtil,-umtul,-ümtil,

-mytyl,-mtil,-ymtyk,-imtik,-umtyk,-ümtük,-mtyk,-mtik,-gylt,-gilt goşulmalary bilen ýasalýar.

-rak,-räk goşulmasy soňy y,i dar çekimlilerine

Gutaran dodak çekimlili sypatlara goşulanda, sözüň soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.

Meselem: Ul y -rak=ul u rak, gön i -räk=gön ü räk, süýj i -räk=süýj ü räk -rak,-räk goşulmasy soňy çekimsiz sypatlara goşulanda sypat bilen goşulmanyň arasynda eşidilýän dar çekimliler eşidilse-de ýazylmaýar. Meselem: ak-agrak, gök-gögräk, tegelek-tegelegräk, belent-belendräk  -mtyk,-mtik,-mtyl,-mtil goşulmalary turşy, süýji, mawy ýaly soňy y,i bilen gutaran sözlere goşulanda sözüň soňundaky çekimlisi gysga aýdylýany üçin dodaklandyrylyp ýazylýar. Meselem: turşy-turşumtyk, süýji-süýjümtik, mawy-mawumtyl.

Meselem: Ul y -rak=ul u rak, gön i -räk=gön ü räk,

süýj i -räk=süýj ü räk

-rak,-räk goşulmasy soňy çekimsiz sypatlara

goşulanda sypat bilen goşulmanyň arasynda

eşidilýän dar çekimliler eşidilse-de ýazylmaýar.

Meselem: ak-agrak, gök-gögräk, tegelek-tegelegräk, belent-belendräk

-mtyk,-mtik,-mtyl,-mtil goşulmalary turşy, süýji, mawy ýaly soňy y,i bilen gutaran sözlere goşulanda sözüň soňundaky çekimlisi gysga aýdylýany üçin dodaklandyrylyp ýazylýar. Meselem: turşy-turşumtyk, süýji-süýjümtik, mawy-mawumtyl.

 Agyr, ýeňil, goňur ýaly sözlere kemlik dereje görkezýän –as, -es goşulmasy goşulanda ikinji bogundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar. Meselem: agyr-agras, ýeňil-ýeňles, goňur-goňras. Sary, gyzyl ýaly reňk aňladýan sypatlara gylt goşulmasy goşulanda gyzyl sözüň –yl bölegi, sary sözüniň –y harpy düşürilýär. Meselem: gyzgylt, sargylt. 3.Sypatyň artyklyk derejesi:  Sypatyň artyklyk derejesinde sintetik usulda asyl sypatlaryň öňünden m,p,s çekimsizlerine gutaran ownuk bölekler artdyrylýar. Meselem: ap-ak, göm-gök, gös-göni, tes-tegelek, dim-dik.

Agyr, ýeňil, goňur ýaly sözlere kemlik dereje görkezýän –as, -es goşulmasy goşulanda ikinji bogundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

Meselem: agyr-agras, ýeňil-ýeňles, goňur-goňras.

Sary, gyzyl ýaly reňk aňladýan sypatlara gylt goşulmasy goşulanda gyzyl sözüň –yl bölegi, sary sözüniň –y harpy düşürilýär.

Meselem: gyzgylt, sargylt.

3.Sypatyň artyklyk derejesi:

Sypatyň artyklyk derejesinde sintetik usulda asyl sypatlaryň öňünden m,p,s çekimsizlerine gutaran ownuk bölekler artdyrylýar.

Meselem: ap-ak, göm-gök, gös-göni, tes-tegelek, dim-dik.

4. Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesi:  Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesinde –jak,-jek,-jyk,-jik goşulmalary soňy k sesine gutaran sypatlara goşulanda k sesi düşüp galýar. Meselem: döwük-döwüjek, gädik-gädijek, togalak-togalajyk, näzik-näzijek

4. Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesi:

Sypatyň kiçeltme-söýgülilik derejesinde –jak,-jek,-jyk,-jik goşulmalary soňy k sesine gutaran sypatlara goşulanda k sesi düşüp galýar. Meselem: döwük-döwüjek, gädik-gädijek, togalak-togalajyk, näzik-näzijek

Tapmaça Atyma berdim Tep-terje...... Üzeňňä basyp, Mündüm men... Atym ýorgalap, Soň çapdy.......

Tapmaça

Atyma berdim

Tep-terje......

Üzeňňä basyp,

Mündüm men...

Atym ýorgalap,

Soň çapdy.......

 Sypatlaryň gurluş aýratynlyklary  Sypatlar gurluşlary boýunça sada sypatlar we goşma sypatlar diýen toparlara bölünýärler.  zatlaryň aýratynlyklaryny bir söz bilen bildirýän sypatlara sada sypatlar diýilýär.  Meselem: gök ot, ýaşyl baýdak  Sada sypatlar hem iki görnüşde bolýarlar. 1.Asyl sypatlar sypat ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalman, şol durşuna ulanylýan sypatlara asyl sypatlar diýilýär. Meselem: ak mata, göni ýol... 2.Ýasama sypatlar söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen beýleki söz toparlaryndan ýasalan sypatlardyr. Meselem: ertirki, höwesjeň, gumly...

Sypatlaryň gurluş aýratynlyklary

Sypatlar gurluşlary boýunça sada sypatlar we goşma sypatlar diýen toparlara bölünýärler.

zatlaryň aýratynlyklaryny bir söz bilen bildirýän sypatlara sada sypatlar diýilýär.

Meselem: gök ot, ýaşyl baýdak

Sada sypatlar hem iki görnüşde bolýarlar.

1.Asyl sypatlar sypat ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalman, şol durşuna ulanylýan sypatlara asyl sypatlar diýilýär. Meselem: ak mata, göni ýol...

2.Ýasama sypatlar söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen beýleki söz toparlaryndan ýasalan sypatlardyr.

Meselem: ertirki, höwesjeň, gumly...

Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty  Sypatlar söz topary hökmünde sözlemiň ähli agzasy bolmaga ukyplydyr. 1.Sypatlar sözlemde eýe bolýarlar. Meselem:  Höwesjeňler çykyş edip başladylar. 2. Sypatlar sözlemde habar bolýarlar. Meselem: “Doganlar” romany gaty gyzykly. 3.Sypatlar sözlemde atlary aýyklap, aýyrgyç bolup ulanylýar. Meselem: Bu ajaýyp halylary zenanlar dokaýarlar. 4.Sypatlara degişli käbir sözler işliklere baglanyp doldurgyç bolýarlar. Meselem: Gurban hemme sapaklary gowy bilýär.

Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty

Sypatlar söz topary hökmünde sözlemiň ähli agzasy bolmaga ukyplydyr.

1.Sypatlar sözlemde eýe bolýarlar.

Meselem: Höwesjeňler çykyş edip başladylar.

2. Sypatlar sözlemde habar bolýarlar.

Meselem: “Doganlar” romany gaty gyzykly.

3.Sypatlar sözlemde atlary aýyklap, aýyrgyç bolup ulanylýar.

Meselem: Bu ajaýyp halylary zenanlar dokaýarlar.

4.Sypatlara degişli käbir sözler işliklere baglanyp doldurgyç bolýarlar.

Meselem: Gurban hemme sapaklary gowy bilýär.

 Sanlar özbaşdak söz topary bolup, olar näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolýarlar. Näçe? diýen soraga mukdar aňladýan sanlar, näçenji? diýen soraga tertip görkezýän sanlar jogap bolýarlar.  Sanlar manysy boýunça sanyň adyny (üç, iki, bäş...), zatlaryň sanyny-mukdaryny (dört gyz, üç hatar...) görkezýärler.  Sanlar

Sanlar özbaşdak söz topary bolup, olar näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Näçe? diýen soraga mukdar aňladýan sanlar, näçenji? diýen soraga tertip görkezýän sanlar jogap bolýarlar.

Sanlar manysy boýunça sanyň adyny (üç, iki, bäş...), zatlaryň sanyny-mukdaryny (dört gyz, üç hatar...) görkezýärler.

Sanlar

 Mukdar sanlar we tertip sanlar  Mukdar sanlar bir zadyň mukdaryny aňladyp, näçe? diýen soraga jogap bolýarlar.  Meselem: Bu ýyl Magtymguly Pyragynyň iki ýüz togsan ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi. Näçe?-iki ýüz togsan.  Mukdar sanlar bitin sanlar, bölek sanlar, çen-takmyn sanlar, topar sanlar diýen toparlara bölünýärler.  Tertip sanlar näçenji? diýen sorag jogap bolup, olar sanalmakda zatlaryň tertibini, yzygiderligini bildirýärler.  Meselem: Men bäşinji synpda okaýaryn. Näçenji?-bäşinji.

Mukdar sanlar we tertip sanlar

Mukdar sanlar bir zadyň mukdaryny aňladyp, näçe? diýen soraga jogap bolýarlar.

Meselem: Bu ýyl Magtymguly Pyragynyň iki ýüz togsan ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi. Näçe?-iki ýüz togsan.

Mukdar sanlar bitin sanlar, bölek sanlar, çen-takmyn sanlar, topar sanlar diýen toparlara bölünýärler.

Tertip sanlar näçenji? diýen sorag jogap bolup, olar sanalmakda zatlaryň tertibini, yzygiderligini bildirýärler.

Meselem: Men bäşinji synpda okaýaryn.

Näçenji?-bäşinji.

Sanlaryň ýazuw düzgüni 1.Düzme sanlary emele getirýän sanlar aýry ýazylýarlar. Meselem: Otuz iki, on ýedi, iki müň ýedinji... 2.Tirkeş sanlaryň arasynda kese çyzyk goýulýar. Meselem: Dört-bäş gün, bir-iki ýyl... 3.Tertip san ýasaýjy –njy,-nji,-ynjy,-inji,-unjy,-ünji goşulmalary sanlar harp bilen ýazylsalar, düýp sanlara çekimlileriň hiline garap goşulýarlar we goşulyp ýazylýarlar. Meselem: Üçünji, altynjy, onunjy... 4.Eger sanlar sifr bilen ýazylyp, olaryň tertip sandygy goşulmalar (-njy,-nji) arkaly görkezilse, onda aşakdaky gönüşde ýazylýar. Meselem: 10-njy, 21-nji, 9-njy, 105-nji...

Sanlaryň ýazuw düzgüni

1.Düzme sanlary emele getirýän sanlar aýry ýazylýarlar.

Meselem: Otuz iki, on ýedi, iki müň ýedinji...

2.Tirkeş sanlaryň arasynda kese çyzyk goýulýar.

Meselem: Dört-bäş gün, bir-iki ýyl...

3.Tertip san ýasaýjy –njy,-nji,-ynjy,-inji,-unjy,-ünji goşulmalary sanlar harp bilen ýazylsalar, düýp sanlara çekimlileriň hiline garap goşulýarlar we goşulyp ýazylýarlar.

Meselem: Üçünji, altynjy, onunjy...

4.Eger sanlar sifr bilen ýazylyp, olaryň tertip sandygy goşulmalar (-njy,-nji) arkaly görkezilse, onda aşakdaky gönüşde ýazylýar.

Meselem: 10-njy, 21-nji, 9-njy, 105-nji...

5.Rim sifrlerinden soň hiç hili belgi, tertip san goşulmalary goşulmaýar. Meselem: XXI asyr, XX ýüzýyllyk, XVIII asyr türkmen edebiýaty... 6. Arap sifrleri ýa-da harplar bilen tertip aňladylsa, olardan soň ýa nokat(.), ýa-da ) goýulýar. Meselem: 1. 2. 3) 7.Siifrler bilen görkezilen sanlara degişlilik ýa düşüm goşulmalary goşulanda, sifrden soň çyzyjak goýlup, sanyň iň soňky harpyna laýyk goşulma goşmaly. Meselem: Iýun aýynyň 6-da, sagat 7-de... 8.Topar sanalara goşulma goşulanda goşulmanyň ilki sesiniň uzyn aýdylýandygy üçin, dodak çekimlili sanlara goşulanda dodaklandyrylmaly däl. Meselem: Üçümiz däl, üçimiz. Onumyz däl, onymyz... 9. Dört sanyna –ünji goşulmasy goşulanda dymyk t sesi açyk d sesine öwrülýär. Emma kyrk sözünde öwrülmeýär.

5.Rim sifrlerinden soň hiç hili belgi, tertip san goşulmalary goşulmaýar.

Meselem: XXI asyr, XX ýüzýyllyk, XVIII asyr türkmen edebiýaty...

6. Arap sifrleri ýa-da harplar bilen tertip aňladylsa, olardan soň ýa nokat(.), ýa-da ) goýulýar.

Meselem: 1. 2. 3)

7.Siifrler bilen görkezilen sanlara degişlilik ýa düşüm goşulmalary goşulanda, sifrden soň çyzyjak goýlup, sanyň iň soňky harpyna laýyk goşulma goşmaly.

Meselem: Iýun aýynyň 6-da, sagat 7-de...

8.Topar sanalara goşulma goşulanda goşulmanyň ilki sesiniň uzyn aýdylýandygy üçin, dodak çekimlili sanlara goşulanda dodaklandyrylmaly däl.

Meselem: Üçümiz däl, üçimiz. Onumyz däl, onymyz...

9. Dört sanyna –ünji goşulmasy goşulanda dymyk t sesi açyk d sesine öwrülýär. Emma kyrk sözünde öwrülmeýär.

Sanlaryň gurluş aýratynlyklary  Sanlar özniň morfologik gurluşy taýdan birnäçe toparlara bölünýärler: 1.Sada sanlara mukdar sanlar, tertip sanlar, topar sanlar degişlidir. Meselem: Bäş depder, iki kitap, XX asyr... 2.Goşma sanlar birden artyk sanlaryň goşulmagyndan emele gelýärler we ýazuwda goşulyp ýazylýar. Meselem: Birki, birküç... 3.Düzme sanlar iki, üç, dört we ondan hem köp sözleriň yzly-yzyna düzülip, bir mukdary ýa-da tertibini aňlatmagy bilen düzme sanlar emele gelýär. Meselem: On iki, ýigrimi bäş, bir ýüz on ikinji... 4.Tirkeş sanlar çen-takmyn aňladap, köplenç, iki sözüň tirkeşmeginden hasyl bolýarlar. Meselem : Biz dört-bäş ýyllykda duşuşypdyk.

Sanlaryň gurluş aýratynlyklary

Sanlar özniň morfologik gurluşy taýdan birnäçe toparlara bölünýärler:

1.Sada sanlara mukdar sanlar, tertip sanlar, topar sanlar degişlidir. Meselem: Bäş depder, iki kitap, XX asyr...

2.Goşma sanlar birden artyk sanlaryň goşulmagyndan emele gelýärler we ýazuwda goşulyp ýazylýar.

Meselem: Birki, birküç...

3.Düzme sanlar iki, üç, dört we ondan hem köp sözleriň yzly-yzyna düzülip, bir mukdary ýa-da tertibini aňlatmagy bilen düzme sanlar emele gelýär.

Meselem: On iki, ýigrimi bäş, bir ýüz on ikinji...

4.Tirkeş sanlar çen-takmyn aňladap, köplenç, iki sözüň tirkeşmeginden hasyl bolýarlar.

Meselem : Biz dört-bäş ýyllykda duşuşypdyk.

Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty  Sanlar sözlemlerde baş agza  (eýe, habar) we aýyklaýjy agza  (aýyrgyç, doldurgyç) bolup  gelmäge ukyplydyr. Meselem: 1. Alty jübüt sandyr. 2. Iki dördüň sekiz. 3.Biz birinji orna mynasyp bolduk. 4.Okuwçylar hatara iki-ikiden düzüldiler.

Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty

Sanlar sözlemlerde baş agza

(eýe, habar) we aýyklaýjy agza

(aýyrgyç, doldurgyç) bolup

gelmäge ukyplydyr.

Meselem:

1. Alty jübüt sandyr.

2. Iki dördüň sekiz.

3.Biz birinji orna mynasyp bolduk.

4.Okuwçylar hatara iki-ikiden düzüldiler.

Mukdar sanlary tertip sana öwrüň Bäş dört dokuz -ünji -inji on üç -ynjy -unjy -ünji

Mukdar sanlary tertip sana öwrüň

Bäş

dört

dokuz

-ünji

-inji

on

üç

-ynjy

-unjy

-ünji

Çalyşmalar Çalyşmalar birnäçe topara bölünmek bilen, isimlere degişli birnäçe söz toparyna derek ulanylýar. Mysal üçin, at çalyşmalary men, sen, ol; biz, siz, olar, atlaryň hemme, ähli, bütin, käbir, birnäçe, bary çalyşmalary sanlaryň ýerine ulanylýar. Çalyşmalar beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar.

Çalyşmalar

Çalyşmalar birnäçe topara bölünmek bilen, isimlere degişli birnäçe söz toparyna derek ulanylýar. Mysal üçin, at çalyşmalary men, sen, ol; biz, siz, olar, atlaryň hemme, ähli, bütin, käbir, birnäçe, bary çalyşmalary sanlaryň ýerine ulanylýar. Çalyşmalar beýleki söz toparlaryndan ýasalmaýarlar.

Çalyşmalaryň many taýdan toparlara bölünişi. Çalyşmalar öz manylaryna morfologiýa taýdan şekillenişine, sözlemdäki hyzmatyna, haýsy söz toparynyň hyzmatynda ulanylýandygyna garap, birnäçe toparlara bölünýärler. 1.At çalyşmalary-men,sen, pl, biz, siz, olar. 2.Görkezme çalyşmalary-bu, şu, ol, şol. 3.Sorag çalyşmalary-kim?, näme?, nire?, näçe?, nähili?, haçan?... 4.San çalyşmalary-bütin, hemme, ähli, bary... 5.Nämälim çalyşmalary-neme, pylany, kimse... 6.Özlük çalyşmasy- öz 7.Ýokluk çalyşmalary-hiç kim, hiç zat... 8.Sypatlyk çalyşmalary-her hili, her tüýsli...

Çalyşmalaryň many taýdan toparlara bölünişi.

Çalyşmalar öz manylaryna morfologiýa taýdan şekillenişine, sözlemdäki hyzmatyna, haýsy söz toparynyň hyzmatynda ulanylýandygyna garap, birnäçe toparlara bölünýärler.

1.At çalyşmalary-men,sen, pl, biz, siz, olar.

2.Görkezme çalyşmalary-bu, şu, ol, şol.

3.Sorag çalyşmalary-kim?, näme?, nire?, näçe?, nähili?, haçan?...

4.San çalyşmalary-bütin, hemme, ähli, bary...

5.Nämälim çalyşmalary-neme, pylany, kimse...

6.Özlük çalyşmasy- öz

7.Ýokluk çalyşmalary-hiç kim, hiç zat...

8.Sypatlyk çalyşmalary-her hili, her tüýsli...

At çalyşmalary  At çalyşmalary: men, sen, ol; biz, siz, olar atlara derek ulanylýarlar we kim?, näme? diýen soraglara jogap bolýarlar.  Meselem: Men ertekili kitap okaýaryn. Sen Myrady gördüňmi? Ol Awaza gitdi.  At çalyşmalaryndan men, biz gepleýän adamy, sen, siz diňleýän adamy aňladýar we kim? diýen soraga jogap bolýar.  Emma ol çalyşmasy adam üçin ulanylanda kim?, adamdan beýleki zatlar üçin ulanylanda ( haýwan, ösümlik, zat) näme? diýen soraga jogap bolýar. Meselem:  Ol (Myrat) şäherde ýaşaýar. Ol (agaç) ýabyň boýunda ösüp otyr.

At çalyşmalary

At çalyşmalary: men, sen, ol; biz, siz, olar atlara derek ulanylýarlar we kim?, näme? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Men ertekili kitap okaýaryn. Sen Myrady gördüňmi? Ol Awaza gitdi.

At çalyşmalaryndan men, biz gepleýän adamy, sen, siz diňleýän adamy aňladýar we kim? diýen soraga jogap bolýar.

Emma ol çalyşmasy adam üçin ulanylanda kim?, adamdan beýleki zatlar üçin ulanylanda ( haýwan, ösümlik, zat) näme? diýen soraga jogap bolýar. Meselem: Ol (Myrat) şäherde ýaşaýar. Ol (agaç) ýabyň boýunda ösüp otyr.

At çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýşi B.d- men, sen, ol, biz, siz, olar. E.d- meniň, seniň, olaryň, biziň, siziň, olaryň Ý.d- maňa, saňa, oňa, bize, size, olara Ýe.d- meni, seni, ony, bizi, sizi, olary W.o.d- mende, sende, onda, bizde, sizde, olarda Ç.d-menden, senden, ondan, bizden, sizden, olardan

At çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýşi

B.d- men, sen, ol, biz, siz, olar.

E.d- meniň, seniň, olaryň, biziň, siziň, olaryň

Ý.d- maňa, saňa, oňa, bize, size, olara

Ýe.d- meni, seni, ony, bizi, sizi, olary

W.o.d- mende, sende, onda, bizde, sizde, olarda

Ç.d-menden, senden, ondan, bizden, sizden, olardan

Sorag çalyşmalary   Sorag çalyşmalary adam atlaryny, adamlaryň kärini, garyndaşlyk gatnaşyklaryny, Haýwanat-ösümlik dünýäsini aňladýan sözleri, zatlaryň hilini, tertibini, wagtyny anyklamak üçin ulanylýan sözlerden-soraglardan ybaratdyr.  Sorag çalyşmalary söz toparlaryna degişli berilýän soraglaryň jemidir. Kim?, näme?, nire?- atlara berilýän sorag; Näçe?, näçenji?- sanlara berilýän sorag; Nähili?, neneňsi?, nätüýsli?- sypatlara berilýän sorag; Haçan?, näwagt?- hallara, wagt we ýagdaý bilen baglanyşykly sözlere berilýän soraglar sorag çalyşmalaryny emele getirýärler.

Sorag çalyşmalary

Sorag çalyşmalary adam atlaryny, adamlaryň

kärini, garyndaşlyk gatnaşyklaryny,

Haýwanat-ösümlik dünýäsini aňladýan

sözleri, zatlaryň hilini, tertibini, wagtyny anyklamak üçin ulanylýan sözlerden-soraglardan ybaratdyr.

Sorag çalyşmalary söz toparlaryna degişli berilýän soraglaryň jemidir.

Kim?, näme?, nire?- atlara berilýän sorag;

Näçe?, näçenji?- sanlara berilýän sorag;

Nähili?, neneňsi?, nätüýsli?- sypatlara berilýän sorag;

Haçan?, näwagt?- hallara, wagt we ýagdaý bilen baglanyşykly sözlere berilýän soraglar sorag çalyşmalaryny emele getirýärler.

Nämälim çalyşmalary  Atlara derek ulanylýan çalyşmalaryň biri hem kimse, biri,neme, plany, kimdir biri diýen nämälim çalyşmalardyr. Bu çalyşmalar diňe adam barada gürrüň edilende ulanylýar.  Nämälim çalyşmalardan neme, pylany sözleri  köplük san -lar,-ler goşulmalaryny kabul edip bilýärler we bir maşgalany ýa-da bir kärdäki adamlary aňladýar.  Meselem: Nemeler pylanylar bilen goňşy ýaşaýarlar. Biri, kimdir biri köplük san goşulmasyny kabul etmeýärler. Kimse çalyşmasy-da käte köplük san goşulmasyny alyp bilýär. Meselem: Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp. Kimse çekip dürli azap hoş indi... (S.Seýdi).

Nämälim çalyşmalary

Atlara derek ulanylýan çalyşmalaryň biri hem

kimse, biri,neme, plany, kimdir biri diýen

nämälim çalyşmalardyr. Bu çalyşmalar diňe

adam barada gürrüň edilende ulanylýar.

Nämälim çalyşmalardan neme, pylany sözleri

köplük san -lar,-ler goşulmalaryny kabul edip

bilýärler we bir maşgalany ýa-da bir kärdäki

adamlary aňladýar.

Meselem: Nemeler pylanylar bilen goňşy ýaşaýarlar.

Biri, kimdir biri köplük san goşulmasyny kabul etmeýärler.

Kimse çalyşmasy-da käte köplük san goşulmasyny alyp bilýär. Meselem: Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp.

Kimse çekip dürli azap hoş indi... (S.Seýdi).

Özlük çalyşmasy  Özlük çalyşmasy öz degişlilik goşulmalaryny kabul edenden soň, men, sen, ol biz, siz, siz, olar at çalyşmalary ýaly atlaryň hyzmatyny ýerine ýetirýär. Meselem: Meniň özüm, Biziň özümiz Seniň özüň, Siziň özüňiz Onuň özi, Olaryň özi

Özlük çalyşmasy

Özlük çalyşmasy öz degişlilik goşulmalaryny kabul edenden soň, men, sen, ol biz, siz, siz, olar at çalyşmalary ýaly atlaryň hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Meselem:

Meniň özüm, Biziň özümiz

Seniň özüň, Siziň özüňiz

Onuň özi, Olaryň özi

 Görkezme çalyşmalary  Görkezme çalyşmalary bu, şu, ol, şol sözlerden ybarat bolup, olardan bu, şu çalyşmalary ýakyndaky zady, ýakynda bolan wakany görkezmekde ulanylýar, ol, şol görkezme çalyşmalary biraz daşrakdaky zady, öň bolan wakany ýatlamakda ulanylýar. Meselem: Bu kitaby men öňem okapdym. Şol duşuşykdan bäri men ony görmändim.  görkezme çalyşmalary öz aýyklaýan sözlerinden öň gelýärler we bu duran ornunda üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.  Eger aýyklaýan sözleri sözlemde düşüp galsa, onda görkezme çalyşmalary atlaşýarlar we atlaryň hyzmatynda ulanylýar. Meselem: Bular indi ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlanýarlar.

Görkezme çalyşmalary

Görkezme çalyşmalary bu, şu, ol, şol sözlerden ybarat bolup, olardan bu, şu çalyşmalary ýakyndaky zady, ýakynda bolan wakany görkezmekde ulanylýar, ol, şol görkezme çalyşmalary biraz daşrakdaky zady, öň bolan wakany ýatlamakda ulanylýar.

Meselem: Bu kitaby men öňem okapdym.

Şol duşuşykdan bäri men ony görmändim.

görkezme çalyşmalary öz aýyklaýan sözlerinden öň gelýärler we bu duran ornunda üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.

Eger aýyklaýan sözleri sözlemde düşüp galsa, onda görkezme çalyşmalary atlaşýarlar we atlaryň hyzmatynda ulanylýar. Meselem: Bular indi ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlanýarlar.

Sypatlyk çalyşmalary  Sypatlyk çalyşmalary her, hiç sözleri özbaşdak ýagdaýda atlary aýyklap gelýärler.  Meselem: Ol işinde hiç kemçilik goýbermändi. Her we hiç çalyşmalary hili, tüýsli sözleri bilen ýanaşyk gelende sypatlyk häsiýetine eýe bolýar. Meselem: Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar. Her we hiç çalyşmalary kim, zat sözleri bilen bile gelenlerinde köplenç, at hyzmatynda ulanylýarlar. Meselem: Her kim öz işi bilen meşguldy. Onuň her zatlar ýadyna düşýärdi. Hiç kim unudylmaly däldir.

Sypatlyk çalyşmalary

Sypatlyk çalyşmalary her, hiç sözleri özbaşdak ýagdaýda atlary aýyklap gelýärler.

Meselem: Ol işinde hiç kemçilik goýbermändi.

Her we hiç çalyşmalary hili, tüýsli sözleri bilen ýanaşyk gelende sypatlyk häsiýetine eýe bolýar.

Meselem: Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar.

Her we hiç çalyşmalary kim, zat sözleri bilen bile gelenlerinde köplenç, at hyzmatynda ulanylýarlar.

Meselem: Her kim öz işi bilen meşguldy.

Onuň her zatlar ýadyna düşýärdi.

Hiç kim unudylmaly däldir.

San çalyşmalary  San çalyşmalary hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel, käbir, birnäçe ... ýaly sözlerden ybaratdyr. Olar näbelli mukdary aňladýarlar.  Bu çalyşmalardan hemme, käbir, birnäçe sözleri – lar,  -ler köplük san goşulmasyny kabul edýärler.  Bütin, külli, tükel çalyşmalary köplenç, goşulmasyz ulanylýar. Mysal üçin, hemme adamlar diýen söz düzüminde adamlar sözüni taşlasak, onda hemmeler bolýar.  Hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel çalyşmalary tutuş jemi görkezýär, käbir, birnäçe nämälim sany ýa-da onuň bir bölegini görkezýärler.

San çalyşmalary

San çalyşmalary hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel, käbir, birnäçe ... ýaly sözlerden ybaratdyr. Olar näbelli mukdary aňladýarlar.

Bu çalyşmalardan hemme, käbir, birnäçe sözleri – lar,

-ler köplük san goşulmasyny kabul edýärler.

Bütin, külli, tükel çalyşmalary köplenç, goşulmasyz ulanylýar.

Mysal üçin, hemme adamlar diýen söz düzüminde adamlar sözüni taşlasak, onda hemmeler bolýar.

Hemme, bütin, ähli, bary, barça, külli, tükel çalyşmalary tutuş jemi görkezýär, käbir, birnäçe nämälim sany ýa-da onuň bir bölegini görkezýärler.

аш текст Çalyşmalaryň gurluş aýratynlyklary  Çalyşmalar gurluşy taýdan aşakdaky toparlara bölünýärler.  Sada çalyşmalara men, sen, ol, biz, siz, olar; bu, şu, ol, şol; bütin, hemme, ähli, bary; neme, pylany, biri; öz ýaly bir sözden ybarat çalyşmalar degişlidir.  Käbir, birnäçe ýaly san çalyşmalary goşma çalyşmalardyr. Meniň özüm...kimdir biri, hiç kim,her hili... ýaly çalyşmalar düzme çalyşmalara , kimde-kim, sene-mene (edişmek) senli-menli, odur-budur çalyşmalary tirkeş çalyşmalara degişlidir. Düzme çalyşmalar (kimdir biri) aýry, tirkeş çalyşmalar çyzyjak (kimde-kim) arkaly ýazylýar.

аш текст

Çalyşmalaryň gurluş aýratynlyklary

Çalyşmalar gurluşy taýdan aşakdaky toparlara bölünýärler.

Sada çalyşmalara men, sen, ol, biz, siz, olar; bu, şu, ol, şol; bütin, hemme, ähli, bary; neme, pylany, biri; öz ýaly bir sözden ybarat çalyşmalar degişlidir.

Käbir, birnäçe ýaly san çalyşmalary goşma çalyşmalardyr.

Meniň özüm...kimdir biri, hiç kim,her hili... ýaly çalyşmalar düzme çalyşmalara , kimde-kim, sene-mene (edişmek) senli-menli, odur-budur çalyşmalary tirkeş çalyşmalara degişlidir.

Düzme çalyşmalar (kimdir biri) aýry, tirkeş çalyşmalar çyzyjak (kimde-kim) arkaly ýazylýar.

Çalyşmalaryň sözlemdäki hyzmaty  Çalyşmalar sözlemde eýe, habar bolup, baş agzalyk hyzmatynda, aýyrgyç, doldurgyç bolup, aýyklaýjy agzalyk hyzmatynda gelýärler.  Meselem: Hemmämiz  (eýe) bagtyýar döwrüň çagalarydyrys. Bu habary getiren onuň özi. (habar) Bu günki (wagt aýyrgyjy) sapak irräk gutardy. Sona bu habara begenip, maňa  (ýöneliş doldurgyjy) seretdi.

Çalyşmalaryň sözlemdäki hyzmaty

Çalyşmalar sözlemde eýe, habar bolup, baş agzalyk hyzmatynda, aýyrgyç, doldurgyç bolup, aýyklaýjy agzalyk hyzmatynda gelýärler.

Meselem: Hemmämiz (eýe) bagtyýar döwrüň çagalarydyrys.

Bu habary getiren onuň özi. (habar)

Bu günki (wagt aýyrgyjy) sapak irräk gutardy.

Sona bu habara begenip, maňa (ýöneliş doldurgyjy) seretdi.

Siz çalyşmasynyň sylag-hormat manysynda ulanylyşy  II- şahsyň köplügini bildirýän siz çalyşmasy wezipeli adamlary, özüňden ululary hormatlamakda, resmi söhbetdeşlikde, toý-baýramda gutlag, minnetdarlyk hökmünde ulanylanda, sözlemiň niresinde gelse-de baş, harp bilen ýazylýar we hormat-sylagyň nyşany bolup hyzmat edýär. Meselem:  Hormatly Prezidentimiz! Size we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we üstünlik arzuw edýäris!

Siz çalyşmasynyň sylag-hormat manysynda ulanylyşy

II- şahsyň köplügini bildirýän siz çalyşmasy wezipeli adamlary, özüňden ululary hormatlamakda, resmi söhbetdeşlikde, toý-baýramda gutlag, minnetdarlyk hökmünde ulanylanda, sözlemiň niresinde gelse-de baş, harp bilen ýazylýar we hormat-sylagyň nyşany bolup hyzmat edýär.

Meselem:

Hormatly Prezidentimiz! Size we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we üstünlik arzuw edýäris!

Söz toparlary At Kitap Atlar Sypatlar Sanlar Çalyşma lar. Sypat Beýik San Bäşinji Çalyşma Biz

Söz toparlary

At

Kitap

Atlar

Sypatlar

Sanlar

Çalyşma

lar.

Sypat

Beýik

San

Bäşinji

Çalyşma

Biz

Çeken zähmetimiziň netijelerini jemleýäris Nädogry ýazylan sözi tapyň:  a) gülkiniň b) ýörite ç) gaýdywsyz

Çeken zähmetimiziň netijelerini jemleýäris

Nädogry ýazylan sözi tapyň: a) gülkiniň b) ýörite ç) gaýdywsyz

 Täze sözleriň goşulmalar arkaly ýasalyşy:  a) morfologik Ç ) sintaktik söz ýasalyşdyr söz ýasalyşdyr b) leksik söz ýasalyşdyr

Täze sözleriň goşulmalar arkaly ýasalyşy:

a) morfologik

Ç ) sintaktik söz ýasalyşdyr

söz

ýasalyşdyr

b) leksik söz ýasalyşdyr

 Aşgabatly diýen söz a) jyns at  b) has at  ç) ikisem däl

Aşgabatly diýen söz

a) jyns at b) has at ç) ikisem däl

 Suw, halk, saç sözleri: a)  birlik sany aňladýar;  b) köplük sany aňladýar;  ç) hem birligi, hem köplügi aňladýar;

Suw, halk, saç sözleri:

a) birlik sany aňladýar; b) köplük sany aňladýar; ç) hem birligi, hem köplügi aňladýar;

Haýsy jogap ýalňyş? b) Agöýli, agajet Ç) gelnalyjy, boýnoňurga a) otlyçöp, toklylar

Haýsy jogap ýalňyş?

b) Agöýli, agajet

Ç) gelnalyjy, boýnoňurga

a) otlyçöp, toklylar

Oňat sözüniň sypat bolup gelen sözlemini tapyň: a) Aman oňat okaýar.  b) Jemal oňat ýazýar.  ç) oňat oglan okaýşyndan bellidir.

Oňat sözüniň sypat bolup gelen sözlemini tapyň:

a) Aman oňat okaýar. b) Jemal oňat ýazýar. ç) oňat oglan okaýşyndan bellidir.

Düýp derejedäki sypat: a) şar gara;  b) görmegeý;  ç) ýukajyk;

Düýp derejedäki sypat:

a) şar gara; b) görmegeý; ç) ýukajyk;

Bir okuw ýyly dört çärýekden ybarat. Bölek san: a) bir Ç) çärýekden b) dört

Bir okuw ýyly dört çärýekden ybarat. Bölek san:

a) bir

Ç) çärýekden

b) dört

Birnäçe, niçik, pylany, hiç haýsy söz toparyna degişli? a) çalyşmalara;  b) sanlara;  ç) atlara

Birnäçe, niçik, pylany, hiç haýsy söz toparyna degişli?

a) çalyşmalara; b) sanlara; ç) atlara

Olar şol gün bize gelipdiler. Sözlemde näçe sany at çalyşmasy bar? b) 2 ç) 1 a) 3

Olar şol gün bize gelipdiler. Sözlemde näçe sany at çalyşmasy bar?

b) 2

ç) 1

a) 3

Öz gaýdym çalyşmasynyň eýe bolup gelen sözlemi: a) öz gününi özi dolandyrýar.  b) öz-özünden başagaý bolup ýör.  ç) bu gelýän hut Aşyryň özüdir.

Öz gaýdym çalyşmasynyň eýe bolup gelen sözlemi:

a) öz gününi özi dolandyrýar. b) öz-özünden başagaý bolup ýör. ç) bu gelýän hut Aşyryň özüdir.