Dersi: Matematika Senesi: Synpy: 5 “ ”
| Sapagyň temasy : | Natural sanlaryň .9-a we 3-e bölünijilik nyşanlary. |
| Sapagyň maksady: | |
| 1) Bilim berijillik maksady: | Natural sanlaryň 3-e we 9-a bölünijilik nyşanlary barada umumy düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. Olaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Natural sanlara degişli reňkli suratlar, ýazgylar,tema degişli soragnamalar. |
Sapagyň gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:
b) mysallar arkaly bilimleri barlamak.
3. Geçilen temany jemlemek: berlen jogaplara seljerme bermek.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Natural sanlaryň 3-e bölünijilik nyşanyny öwretmek
2. Natural sanlaryň 9-a bölünijilik nyşanyny öwretmek
3. Natural sanlaryň bölünijilik nyşanyny öwretmek
Haýsy sanlar 9-a bölünýär? Ilki bilen diňe 9 sifr bilen ýazylan ähli
sanlaryň 9-a bölünýändigini belläliň, ýagny 9; 99; 999; 9 999 we ş.m.
sanlar 9-a bölünýärler.
10; 100; 1 000 we ş.m. sanlar 9-a bölünende, ga lyndyda 1 alynýar.
Meselem, 10 = 9 · 1 + 1, 100 = 9 · 11 + 1, 1000 = 9 · 111 + 1.
Muny göz öňünde tutup, aşakdaky meselä garalyň.
Mesele. Bölmegi ýerine ýetirmezden, 918 almany 9 sebede deň
paýlap ýerleşdirip boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny anyklamaly.
Çözül işi . 918 sanda 9 ýüzlük 1 onluk we 8 birlik bar. 9 ýüzlügiň
her birini bir sebede salmaly. 18 alma galar. Olary dokuza bölsek, her
sebede 2 almadan ýetýär. Diýmek, 918 almany 9 sebede deň paýlap
ýerleşdirip bolýar.
Eger natural sanyň sifrleriniň jemi 9-a bölünýän bolsa, onda
ol san 9-a bölünýär. Eger sanyň sifrleriniň jemi 9-a bölünmeýän
bolsa, onda ol san 9-a bölünmeýär.
1-nji mysal. 647 532 san 9-a bölünýär, çünki onuň sifrleriniň jemi
bolýan 27 (6 + 4 + 7 + 5 + 3 + 2 = 27) san 9-a bölünýär: 27 : 9 = 3.
2-nji mysal. 8 245 san 9-a bölünmeýär, çünki onuň sifrleriniň jemi
bolýan 19 (8 + 2 + 4 + 5 = 19) san 9-a bölünmeýär.
3-e bölünijilik nyşany hem edil şonuň ýaly düşündirilýär.
Eger natural sanyň sifrleriniň jemi 3-e bölünýän bolsa, onda
ol san hem 3-e bölünýär. Eger-de sanyň sifrleriniň jemi 3-e bölün-
meýän bolsa, onda ol san 3-e bölünmeýär.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Natural sanlaryň 3-e bölünijilik nyşanyny bilmeli
- Natural sanlaryň 9-a bölünijilik nyşanyny bilmeli
- Natural sanlaryň bölünijilik nyşanyny bilmeli
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Natural sanlaryň 3-e bölünýändigini hasaplamagy başarmaly
- Natural sanlaryň 9-a bölünýändigini hasaplamagy başarmaly
- Natural sanlaryň bölünýändigini hasaplamagy başarmaly
5. Täze temany berkitmek:
Eger natural sanlaryň sifrleriniň jemi 9-a bölünýän bolsa, onda ol 3-e we 9-a bölünýändir. Eger sanyň sifrleriniň jemi 3-e bölünýän bolsa, onda ol san 3-e bölünýändir.
895-nji gönükme.
5+6+4+1+2=18; 18:3=6 Şoňa görä-de 56412 san hem 3-e galyndysyz bölünýändir. Galanlaryny hem edil şular ýaly barlamaly.
896-njy gönükme.
333; 3+3+3=9, 9:9=1
603; 6+3+0=9; 9:9=1
909; 9+0+9=18; 18:9=2
897-nji gönükme.
1)12; 21;
2)666; 666666; 666666666
6. Öý işini tabşyrmak: Okuwçylaryň köp gezek gaýtalaýan ýalnyşlyklarynyň üstünde mysallar arkaly durup geçmek.Şu günki sapakdaky temany okap, öwrenip gelmegi we 896-898-899-nji gönükmeleri tabşyrmaly.
7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:
Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Ýazan mugallym:
Bellik:_______________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______